Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň netijesinde ähli önümçilik pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Sanly ykdysadyýetimiziň binýadyny barha kämilleşdirýär. Muňa maýa goýum syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylyp, önümçilik pudaklaryny, durmuş we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek üçin köp möçberde serişdeler gönükdirilmegi, Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagy we bu «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegi aýdyň subutnamadyr.
Sanly ykdysady ulgam bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hil we mukdar taýdan kämilleşmegine itergi berýär. Täze we döwrebap önümçilik-hyzmat desgalarynyň döredilmegi bir tarapdan ilatymyzyň iş bilen üpjünçiligine oňaýly şert döredýän bolsa beýleki tarapdan täze hünärleriň döremegine hem-de döwrebap hünärmenleriň kemala gelmegine itergi berýär. Bu bolsa kemala gelen bilim, hünär we tejribe ulgamyndaky döwrebap düşünjeli ýaş hünärmenlerimiziň önümçilik serişdeleridir tebigy baýlyklarymyzy has netijeli ulanyp, ykdysady netijeliligiň hem-de ýitgisiz önümçiligiň kämilleşdirilmegine getirýär.
Önümçilik serişdeleriniň tehnikadaky we tehnologiýadaky ösüşleriň hasabyna diwersifikasiýa usuly bilen ýitgisiz hem-de has netijeli ulanylmagy harytlyk önümleriň ýa-da hyzmatlaryň önümçilik möçberiniň hem-de hiliniň ýokarlanmagyna getirýär. Makroykdysady syýasatyň netijesinde döwletimizde hususy eýeçiligiň ösmegi telekeçiligiň esasy ýörelgeleri bolan töwekgelçilik, çakganlyk, täzelikçilik ýaly häsiýetlerini giňden ulanmaga mümkinçilik döredýär. Bu bolsa öz gezeginde pudaklardaky ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmakda bäsleşikli şertleri ýüze çykarýar.
Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň hem-de hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň ýurdumyzyň içinde öndürilmegi ýola goýulýar. Milli önümçiligimize we önümlerimize dünýä döwletleriniň hyrydar hökmünde çykyş etmegi, gysga wagtda ýurdumyzy eksport ediji döwlete öwrer. Ak bazarlarymyzda hyrydarlyk-hödürlemä esaslanýan erkin bäsleşikli bazar şertleriniň döredilmegi, ösen ýurtlaryň enjamlarydyr tejribeleriniň milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagy ýokary hilli, ekologiýa taýdan howpsuz önümleri öndürmäge uly mümkinçilik döredýär.
Sanly ulgam boýunça gazanylan kämil we takyk statistiki maglumatlar binýady milli ykdysady ösüşimiziň özeninde durýan saglyk, bilim, azyk we durmuş üpjünçiligi, býujet-salgyt, maýa goýum we sebitleri ösdürmek baradaky syýasy-ykdysady maksatnamalary we strategiýalary, ägirt uly işleri we has iri taslamalary üstünlikli amala aşyrmaga örän möhüm şertleri döredýär. Ýurdumyzda ykdysady taýdan bähbitli we durmuş taýdan zerur strategiýalary, ägirt uly işleri we iri taslamalary işläp taýýarlamaga hem-de üstünlikli amala aşyrmaga şertler döredilýär.
Sanly intellektual tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy býujet gatnaşyklarynyň takyk gözegçiligine, netijeli dolandyryşyna, awtomatlaşdyrmagyň hasabyna maliýe-ykdysady ulgamyň işiniň gysga wagtda az harajat bilen amala aşyrylmagyna itergi berýär. Maliýe-ykdysady maglumatlaryň howpsuz, çalt we takyk dolanyşygyny üpjün edýär. Innowasion tehnologiýalaryň senagat ulgamyna ornaşdyrylmagy uglewodorod serişdeleri, magdanlary gözlemegi, gazyp almagy, gaýtadan işlemegi, zähmet öndürijiligini, önümçiligiň howpsuzlygyny, dolandyryş netijeliligini, hasabatlylygyň takyklygyny kämilleşdirýär.
Logistika, ulag-kommunikasiýa ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy hyzmatlaryň ulag görnüşleriniň hereketiniň hakyky wagt birliginde awtomatlaşdyrylan tertipde dolandyrylmagyna, ulgamdaky dörän näsazlyklary tiz ýüze çykarmaga we netijeli çözgütleri kabul etmäge, işiň görnüşlerini we üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberleriniň artdyrylmagyna uly şertleri döredýär. Sanly hyzmatlar ulgamy kämil maglumat geçiriş, elektron söwda, elektron resminama dolanyşygynyň we önümçiliginiň ýokarlandyrylmagyna, sanly intellektual tehnologiýalaryň, innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagyna, söwda kärhanalarynda iş ugruny awtomatlaşdyrmaga, ýurduň jemi içerki önümindäki paýyny artdyrmaga ýardam berýär.
Ilatly ýerleriň energiýa üpjünçiligi, ygtybarlylygy we netijeliligi gazanylýar, energiýa serişdeleriniň maglumatlary uzak aralyklarda ýerleşýän enjamlarda elektron görnüşde toplanyp seljerilýär, ýitgileri we harajatlary azaltmak, energiýanyň alternatiw çeşmelerini peýdalanmak boýunça mümkinçilikler giňeldilýär.
Sanly intellektual tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň oba hojalygynda giňden ornaşdyrylmagy zähmet öndürijiligini, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmaga, ýitgileri we harajatlary peseltmäge, pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga we durnukly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik döredýär.
Sanly ykdysady ulgamyň milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagy innowasion ösüş we öňdebaryjy tehnologiýa arkaly önümçilik harajatlaryny, sarp edilýän wagty ep-esli azaltmaga, serişdeleri tygşytly we daşky gurşawa zyýansyz ulanmaga, önümçilik pudaklaryny ylmy taýdan ösdürmäge, iş bilen üpjünçiligi hil taýdan ýokarlandyrmaga, elektron resminamalar dolanyşygyny kemala getirmäge oňyn täsirini ýetirýär.
Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.