Olar sportuň umumylykda 32 görnüşi (jemi 45 dissiplina) boýunça 329 ýaryşda özara güýç synanyşarlar. Pariž 2024-däki ýeke-täk täze sport görnüşi breýkdans bolup, köçe medeniýetini we tans etmek ukybyny özünde jemleýän bu özboluşly sport görnüşi ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasynda orun alar.
Tokio 2020-de bar bolan karate hem-de beýsbol sportlary maksatnamadan çykaryldy. Pariž 2024-iň maksatnamasyndaky sport görnüşleri we olaryň käbirleriniň dissiplinalary şulardyr: ýeňil atletika, ýaýdan ok atmak, badminton, basketbol (basketbol, 3×3 basketbol), atçylyk sporty (konkur, üç görnüşli, atly ýöriş), welosport (BMX erkin, BMX ýaryş, dag, ýol, trek), boks, breýkdans, fehtowaniýa, agyr atletika, göreş (erkin, grek-rim), futbol, golf, gandbol, ot hokkeýi, suw sportlary (ýüzmek, sinhronlaýyn ýüzmek, woterpol, bökmek, marafon ýüzüş), sörfing, taekwondo, tennis, triatlon, dyrmaşmak sporty, woleýbol (woleýbol, kenarýaka woleýboly), ýelken, stol tennisi, regbi, häzirki zaman pentatlony, dzýudo, kanoe (sprint, slalom), küreklemek, gimnastika (sport, çeper, tramplin), nyşana ok atmak, skeýtbording.