Angliýanyň “Aston Willa” topary häzirki wagtda transferiň iň işjeň klublarynyň biri bolup, topardan fransiýaly oýunçy Mussa Diabi Saud Arabystanyna transfer boldy. 25 ýaşyndaky ýarymgoragçy SPL-niň “Al Ittihad” topary bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Arap kluby Diabiniň transferi üçin iňlis toparyna 60 million ýewro berer. Diabi bolsa arap klubundan ýyllyk 20 million ýewro hak alar. “Aston Willa” topary Mussa Diabini geçen tomusda 51,9 million funt sterlinge “Baýerden” transfer edipdi. Diabi 38-si “Premier Ligada” 54 oýunda 10 gezek tapawutlandy.

Golaýda Loran Blany tälimçilige bellän “Al Ittihad” toparynda Karim Benzema, N’Golo Kante ýaly fransuz ýyldyz hem çykyş edýär.