28-nji iýulda Wenesuelada geçirilen Prezident saýlawlarynda häzirki Prezidenti Nikolas Maduro ýeňiş gazandy. Şeýlelikde Maduro üçünji alty ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu barada Wenesuelanyň Milli saýlaw geňeşiniň başlygy Elwis Amoroso ses berişlikden soň mälim etdi.
Saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, Madurony 5 million 150 müň 92 saýlawçy ýa-da ses berenleriň 51,2 göterimi goldady. Maduronyň esasy bäsdeşi, sagçy partiýalardan dalaşgär Edmundo Gonsales bolsa, 4 million 445 müň 978 saýlawçynyň, ýa-da ses berenleriň 44, 2 göteriminiň sesine eýe boldy. Saýlawçylaryň 4,6 göterimi bolsa, beýleki sekiz saýlawça ses berdi. Saýlawlara gatnaşyk 59 göterim boldy. Saýlawlarda ýeňiş gazanan dalaşgär 2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda ýurduň täze Prezidenti hökmünde kasam kabul eder.
2013-nji ýylyň 5-nji martynda Hugo Çawes aradan çykandan soň, Wenesuelanyň Prezidentiniň wezipelerini Nikolas Maduro ýerine ýetirdi. Täze saýlawlar 2013-nji ýylyň 14-nji aprelinde geçirilip, şol saýlawlarda Nikolas Maduro ýeňiş gazandy. Şeýle-de, 2018-nji ýylyň 20-nji maýynda Nikolas Maduro 6,2 million ses alyp, 2019-2025-nji ýyllar üçin Wenesuelanyň prezidentligine gaýtadan saýlandy.
Boliwariýa Wenesuela Respublikasy Günorta Amerikanyň demirgazygyndaky ýurt. Demirgazykda Karib deňzi we Atlantik ummany bilen ýuwulýar, gündogarda Gaýana, günortada Braziliýa we günbatarda Kolumbiýa bilen serhetleşýär. Ýurduň ilaty 30 milliona golaýdyr.