«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli tutulan uly toý-dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirligimiziň, jebisligimiziň, gazanýan ajaýyp üstünliklerimiziň begenç-buýsançly beýanyna öwrüldi. Şatlykly toý gününde asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetinden älem giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň dakylandygy baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy ildeşlerimiziň baýramçylyk ruhuny has-da artdyrdy. Munuň özi älem-jahanyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu ajaýyp künjekde amala aşyrylýan beýik işlere bildirýän buýsanjynyň özboluşly şöhlelenmesidir. Älem giňişliginde ýüze çykarylan asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy bolsa, Arkadagly eýýamymyzda älemşynaslygyň ösmegi üçin uly işleriň yzygiderli amala aşyrylýandygyny görkezmek bilen, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleri täze üstünliklere ruhlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde bina bolan Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bolsa şu günüň hem geljegiň parahatçylygyny döretmekdäki we gurmakdaky mekdepdir. Täze şäher halkara sylaglaryň eýýäm 21-sine mynasyp boldy. Şäheriň gurluşygynda ýaşaýjylar üçin iň amatly, rahat we howpsuz şertleri üpjün etmäge gönükdirilen öňdebaryjy innowasion çözgütleriň we «ýaşyl» tehnologiýalaryň aňrybaş derejede peýdalanylmagy dünýäniň öňdebaryjy şähergurluşyk taslamalary bilen deňeşdirilende hem haýran galdyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine ýygy-ýygydan iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp durýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyza Çeperçilik haly kärhanasynyň we seýilgähiň taýýarlanylan taslamasy hem görkezildi.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň köp sanly ýaşaýjylarynyň ýüztutmalary we haýyşlary esasynda halyçylyk kärhanasyny gurmak boýunça döwlet derejesindäki çözgüt kabul edildi. Munuň özi türkmen gelin-gyzlarynyň döreden dünýä nusgalyk el işleriniň, halyçylyk sungatynyň häzirki döwürde dowam etdirilmeginde we täze iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar. Halyçylyk pudagynyň bu desgasy täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, türkmen halylarynyň dünýä nusgalyk görnüşleriniň dokalmagynda mynasyp orny eýelär.
Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, bu ýerde haly kärhanasynyň bina edilmeginde çuňňur many bar. Türkmen halylary, olary dokamak sungaty asyrlar aşyp gelýän edep-terbiýe mekdebidir. Bu sungatyň ösdürilmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, halyçylyk sungatynyň dowamata atarylmagy asyrlar aşyp gelýän ýagşy ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap rowaçlyklara beslenmegini şertlendirýär diýip belledi.
Milli Liderimiz täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähde ady rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleriniň oturdylmalydygyny, olaryň her birine degişli ýazgylarda bedewleriň taryhyna we görkezen netijelerine bagyşlanan maglumatlaryň ýerleşdirilmelidigini aýtdy. Munuň özi şöhraty dünýä dolan bedewler ählihalk söýgüsiniň aýdyň nyşanyna öwrüler.
Adamzadyň bagtly we sapaly ýaşamagy üçin amala aşyrýan beýik işleri bilen jahany guwandyrýan, ady äleme dolan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurduň, bütin dünýäniň ýagty geljegine gönükdirilen sahawatly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Hurmagül Annagurbanowa,
Bäherden etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň
KAIG-nyň başlygy, tälimçi-mugallym.