Iň gyzykly sport bäsleşikleriniň biri bolan sörfing ussatlygy we tejribe talap edýär. Deňizde güýçli tolkun we ýel bolan wagty ýerine ýetirilýän sportuň bu görnüşinde türgen belli ölçegde ýasalan tagta böleginiň üstünde tolkunyň güýji bilen kenara tarap batly tizlik bilen gaýdýar. Türgen sörfinge başlamazdan ozal, amatly tolkunyň gelmegine garaşyp oturýar. Tolkunyň golaýlap gelenini görende bolsa elini kürek ýaly ulanyp, tolkunyň üstüne çykýar we ýerinden turýar. Tolkunyň üstünde wagty agramyny tagtanyň dürli ýerlerine berip, ugruny we tizligini sazlaýar. Aslynda tolkunyň üstünde ýerine ýetirilýän hem bolsa, soňky ýyllarda tolkunyň ýok wagty hem sörfingi ýerine ýetirmegiň dürli usullary döredildi. Olaryň biri-de ýelkenli sörfingdir. Bu usulda sörfing tagtasyna ýelken oturdylýar. Tizlik bolsa ýeliň güýjüne hem-de türgeniň beden hereketlerine bagly bolýar. Mundan başga-da, gaýykly ýa-da deňiz motory arkaly hem sörfing ýerine ýetirilýär. Dürli ýaşdaky adamlar tarapyndan ýerine ýetirilýän sörfingde deňiz ulagy tarapyndan çekilýän görnüşinde türgen deňagramlylygyny saklamak üçin aýagynyň aşagynda tagtanyň öň tarapyny çalaja ýokary galdyrmaly bolýar. Şeýle hem gaýyga baglanan ýüpüň ujundan tutup, bedeniňi birneme arkan ýatyrmaly bolýar. Suwuň ýüzünde taýýan adam sagatdaky tizligi 50 kilometre barabar bolan gaýyga baglanan, uzynlygy 20 metre barabar bolan üç sany ýüpe mäkäm ýapyşýar. Muňa garamazdan, ýykylmazlyk üçin çalasynlyk bilen göwresini saga-çepe gyşardyp, deňagramlylygyny saklamaly bolýar. Gaýygyň tizligi sagatda 35 kilometrden aşak düşse tagtanyň üstündäki adam ýykylýar.
Sörfing barada
Adamlar sportuň bu görnüşi bilen irki döwürlerden bäri gyzyklanypdyrlar. Iňlis deňizçisi Jeýms Kuk 1777-nji ýylda Taiti we Oahu adalaryna baranda ýerli ýaşaýjylaryň tagta münüp, suw tolkunlarynyň üstünde güýmenje üçin sörfing bilen meşgullanýandyklaryny belläp geçipdir. 1920-nji ýylda gawaili ýüzüji Dýuk Kahanamoku ilkinji resmi sörfing klubuny döredýär. 1912-nji ýylda Stokgolmda, 1920-nji ýylda Antwerpende geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 100 metre ýüzmekde altyn medala mynasyp bolan Kahanamoku sörfing sportunyň dünýäde ýaýbaňlandyrylmagyna hem goşant goşýar. Sportuň bu görnüşi ilkinji gezek 2021-nji ýylda geçirilen «Tokio – 2020» tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilýär.