Täze Maýkl Felps hasaplanýan fransiýaly 22 ýaşyndaky ýüzüji Leon Marşanyň Pariž 2024-iň ýyldyz bolmak ugrunda ýeňişli ýörişi dowam edýär. Ol 4-nji altyn medalyny-da boýnuna dakdy. Marşan 200 metr garyşyk ýüzmekde 1 minut 54,6 sekuntda pellehana gelip, altyn medala mynasyp boldy. Ol bu ugurda Maýkl Felpsiň Pekinde goýan rekordyny-da  (01:54,23) täzelemegi başardy. Şol bir wagtyň özünde ol Ýewropanyň rekordy hem täzeledi. Bu onuň Pariždäki 4-nji altyn medaly bolup, ol şol 4 altyn medaly Olimpiýa rekordyny goýup gazanmagyň hötdesinden geldi.  Marşan 200 metr brass, 200 metr kebelekleýin hem-de 400 metr garyşyk ýaryşlarynda altyn medalynyň üstüni Olimpiýa rekordlary bilen ýetiripdi.