1910-njy ýylyň 9-njy awgustynda amerikaly inžener Herli Alwa Fişer dünýäde ilkinji bolup, «Thor» atly elektrik bilen işleýän kir ýuwýan maşyna patent aldy. Şondan soň, kir ýuwýan maşynlar ABŞ bazarynda aýratyn islege eýe bolup, satylyp başlandy. 1949-njy ýylda «Thor» ilkinji doly awtomatik kir ýuwýan maşyna öwrüldi.