Ýakynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararynyň tassyklanylmagy şatlykly wakalaryň biri boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, ýagny 24-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrüljekdigi şübhesizdir.
Ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan beýik ösüş-özgertmelerde Halk Maslahatynda kabul edilýän çözgütleriň ähmiýeti uludyr. Şeýle özgertmeleriň bilim ulgamynda hem barha giň gerim alýandygy uly ruhubelentlik döredýär. Berkarar Watanymyzda bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň döwrebap binalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň kämilleşdirilmegi, sanly bilim ulgamynyň we okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagy kämil bilimli, watansöýüji, giň düşünjeli, sagdyn ruhly, berk bedenli nesli kemala getirmäge, bilim işgärleriniň netijeli we döredijilikli zähmet çekmegine şert döredýär.
Türkmen döwletiniň binýatlaýyn esaslaryny has-da berkitmekde beýik işleri bitirýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, syýasaty öwreniş ylmynyň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr. Sebäbi munuň özi halkyň wekiliniň döwleti dolandyryş işine gatnaşmagy babatda ýokary mümkinçiliklerini görkezýär.
Halk Maslahaty ýaşulular bilen ýaş nesilleriň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar, ony türkmen halkynyň milli garaýyşlary esasynda döwrebap şertlerde, täzeçe çemeleşmeler arkaly has-da ösdürýär. Döwlet derejesinde halkyň ynamdar wekillerine, esasan hem, ýaşululara tutuş jemgyýetiň öňünde durýan wezipeler barada sala salynmagy, olaryň pikirleriniň, teklipleriniň diňlenilmegi halkyň aňyna düýpli täsir edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşleriniň döredilmegi, il sylagly ýaşulularyň ile-güne haýyrly, sahawatly işlerde Gahryman Arkadagymyzyň geňeşdarlary bolmagy watandaşlarymyzda döwletimiziň adalatly syýasatyna ynamy has artdyryp, uly goldawa eýe bolýar.
Türkmenistanda Halk Maslahatynyň döredilmeginiň maksady hem döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglydyr.
Halk bilen döwletiň bitewüligi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň has-da gülläp ösmeginiň, eziz Diýarymyzyň Ýer ýüzündäki abraýynyň artmagynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň kepilidir. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde-de ählihalk ähmiýetli asylly maksatlara gönükdirilen wajyp meseleler halkyň wekilleri bilen bilelikde ara alnyp maslahatlaşylar we il-ýurt bähbitli döwletli çözgütler kabul ediler.
Halk Maslahaty ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we jemgyýetdäki durmuş gatlaklarynyň bähbitlerini sazlaşdyrmak bilen, ýurt derejesinde bilelikdäki hereketi guraýjy güýç hökmünde çykyş edýär. Bu gün ýurduň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň hemaýaty bilen her bir adamyň, döredijilikli zähmetiniň döwlet derejesinde goldanylýandygy, ýokary baha mynasyp bolýandygy Diýarymyzyň ösüşleriniň kepilidir. Bu hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baý durmuş we syýasy tejribesiniň halkymyzyň gurujylyk, döredijilik pähim-paýhasynyň netijesinde amala aşýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleri ýurdumyzda raýat jemgyýetini kämil derejä çykarmak hem-de türkmen döwletiniň demokratik esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglydyr. Görşümiz ýaly, ýurdumyzyň Halk Maslahaty bu gymmatlyklaryň has giňden ýaýbaňlanmagy üçin täze esaslary açýar.
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak meselelerdir kabul ediljek çözgütler halkymyzy bir maksada – ata Watanymyzyň gülläp ösmegini, ilimiziň abadan we bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmak wezipesini amal etmäge birikdirer.
Amanmyrat ÝARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.