Çagalyk ýyllaryndan başlap sport bilen meşgullanmagy ýola goýmak akyl we fiziki taýdan sagdyn ösmäge ýardam edýär. Esasan hem, toparlaýyn oýunlar has peýdaly bolup, oňyn täsirleri döredýär. Hünärmenler çagalaryň ösüşi bilen bagly geçiren soňky barlaglarynda toparlaýyn oýunlaryň çagalaryň sagdyn ösmegi üçin peýdalydygyny ýüze çykardylar. Toparlaýyn oýun oýnamagyň peýdaly taraplary:
Özüňe bolan ynamy artdyrýar. Öňünde maksat goýan toparyň bir bölegi bolmak, ýoldaşlaryň bilen bilelikde ýeňşe tarap hereket etmek özüňe bolan ynamy artdyrýar. Toparyň ýeňşine goşant goşmak, oýunda utuk gazanmak hormatyňy artdyryp, minnetdarlyk duýgusyny güýçlendirýär. Topar maksadyna ýetende özüňi has-da arkaýyn we ynamly duýýarsyň.
Gowy gatnaşygy ýola goýmaga kömek edýär. Bilelikde türgenleşmek, oýunlara deň derejede taýynlyk görmek ýoldaşlaryň bilen gowy gatnaşyk saklamaga ýardam edýär. Agzybir bolmagy, birek-biregi sylamagy, hormat goýmagy öwredýär. Gowy gatnaşyk saklaýan oýunçylardan düzülen topar hemişe ýeňiş gazanýar.
Oýun endiklerini ösdürýär. Topar bolup oýun oýnamak oýun endikleriniň kämilleşmegine ýardam edýär. Oýnuň düzgünlerine we çylşyrymly ýagdaýlara görä her bir oýunçy dürli tilsimleri ýerine ýetirmeli bolýar. Oýundan soň tälimçiniň ýa-da ýoldaşlaryň tankydy belliklerini diňlemek we düzetmek özüňi kämilleşdirmäge ýardam edýär.
Ýeňlişi kabul etmegi öwredýär. Durmuşda bolşy ýaly, oýunda hem hemişe üstünlik gazanylmaýar. Käte ýeňiş gazansaň, käte ýeňlişiňi boýun almaly bolýar… Oýunçylar näçe taýýarlykly bolsalar-da, gowy oýnasalar-da, käte ýeňşi elden giderýärler. Bu ýagdaý şowlulyk bilen bagly bolup, ýeňlişler ýaşlykdan adamy durmuşa taýýarlaýar.
Durmaly ýeriňi bilmegi öwredýär. Toparlaýyn oýun oýnalanda, her oýunçy öz başarjaňlygyna görä durmaly ýerlerine bölünýär. Mysal üçin, futbolda sen topy gorkman saklaýan bolsaň derwezeçi, çalt ylgaýan bolsaň hüjümçi, topa gowy erk edip bilýän bolsaň goragçy ýaly görnüşde bölünýär. Bu ýagdaý durmuşda hem näme başarýandygyňy bilmäge, nirede durmalydygyňy öwrenmäge ýardam edýär.
Zähmet çekmegi öwredýär. Esasy zat zehin bolsa-da, zähmet çekmek esasynda zehin kämilleşýär. Toparlaýyn oýunlarda ýoldaşlaryň bilen bilelikde köp zähmet çekilýär. Topar bolup türgenleşilende beýlekiler bilen bilelikde ýalta, işe bişmedikler hem zähmet çekmegi endik edýärler. Şeýlelikde, toparyň täsiri netijesinde zähmetkeş ynsanlar kemala gelýär.