2024-nji ýylda ýaşaýyş üçin iň gymmat şäherleriň sanawynda Ženewa birinji orny eýeledi. Ilkinji üçlüge Sýurih we Nýu-Ýork girdi. “Numbeo” platformasy tarapyndan hödürlenen ýaşaýyş bahasynyň täzelenen indeksinde Ženewa şäheri 101,7 bal gazanyp, dünýäniň beýleki şäherlerinden öňe saýlandy.
Ýaşaýyş bahasynyň indeksinde azyk önümleri, ulag we jemagat hyzmatlary ýaly esasy sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlarynyň bahalary göz öňünde tutulýar. Ýöne bu görkeziji kärende tölegleri ýa-da ipoteka ýaly ýaşaýyş çykdajylaryny öz içine almaýar.
Şweýsariýada ýerleşýän Sýurih şäheri täze sanawda 100,4 bal bilen ikinji orny eýeledi. Üçünji orunda 100 bal bilen Nýu-Ýork, onuň yz ýanyndan San-Fransisko (90,5) Boston (85,8) we Reýkýawik (83,9) gelýär. Amerikanyň başga-da birnäçe şäheri, şol sanda, Waşington (82,5), Sietl (81,5), Los-Anjeles (80,9) Çikago (80,2) ýaly şäherleri ilkinji onluga girdi.
Beýleki tarapdan, Pakistanda we Hindistanda ýerleşýän Karaçi, Lahor we Kolkutta, görkezijileri 19-21 bal aralygyndaky iň arzan şäherler diýlip ykrar edildi. Sanawda dünýäniň 218 şäherini öz içine alýar we her alty aýda bir gezek çap edilýär. Giňişleýin baha bermek üçin “ýaşaýyş bahasynyň indeksi” ulanylýar.