10-njy awgustda Gazagystanda görnükli şahyr, aň-bilim ýaýradyjy we filosof Abaý Kunanbaýewiň hormatyna Abaý güni bellenilip geçildi. Bu ýyl onuň doglan gününe 179 ýyl doldy. Şol gün ýurduň paýtagty Astanada Abaýyň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi.
Abaý Kunanbaýew gazak şahyry, magaryfçysy, akyldary we jemgyýetçilik işgäridir. Ol Gazagystanyň ýazuw edebiýatyny esaslandyryjysy we ýurduň ilkinji nusgawy ýazyjysydyr. Abaý, yslam ýörelgeleri esasynda gazak däp-dessurlaryny Ýewropa medeniýetine ýakynlaşdyrmaga tagalla eden medeni reformaçy hökmünde hem giňden tanalýar.
Beýik Gazak şahyrynyň doglan güni 2020-nji ýyldan bäri resmi taýdan Gazagystanda baýramçylyk hökmünde bellenilip geçilýär. Häzirki wagtda Kairde, Tähranda we Moskwada şahyryň ýadygärlikleri bar. Basym biziň ýurdumyzda hem beýik şahyryň ýadygärligini oturtmak meýilleşdirilýär. Gazagystanda Abaýyň adyny köçeler, uniwersitetler we teatrlar göterýär. Karagandy welaýatynda onuň adyny göterýän şäher bar. Alpinistler her ýyl Abaý belentligine çykýarlar.
Almatyda 7-10-njy awgust aralygynda şahyryň we magaryfçynyň doglan gününe bagyşlanyp, 20-den gowrak çäre geçirildi. Gazagystanda Abaý güni mynasybetli resmi dynç alyş dört ýyl bäri bellenilip geçilýär.