UEFA Super Kubogyny “Real Madrid” topary 6-njy gezek gazandy. Warşawada oýnalan duşuşykda Çempionlar ligasynyň soňky çempiony Ýewropa ligasynyň häzirki eýesi, Italiýanyň “Atalanta” toparyny 2-0 ýeňdi. Duşuşygyň 1-nji ýarymynda iki toparyňam derwezeçileri howply pursatlarda toparlaryny goldan halas etdi. Netijede, 1-nji ýarym golsuz tamamlandy. Oýnuň 59-njy minutynda Winisius Junioryň ajaýyp pasynda Federiko Walwerdä topy boş derwezä gönükdiräýmek galdy. Bu goldan 9 minut soň, has takygy, 68-nji minutda bu gezek Jud Bellingamyň pasynda topy batly uran täze transfer Kilian Mbappe tapawutlanyp, hasaby 2-0-a ýetirdi. Galan minutlarda-da hasap üýtgemedi we “Real Madrid” topary 2024-nji ýyldaky 4-nji kubogyny gazandy. Bu olaryň 6-njy Super Kubogy bolup, madridliler bu kubogy iň köp eýelän topar boldy. “Real Madrid” bu ugurda “Milan” hem-de “Barselonadan” öňe saýlandy. Ispan topary 49-njy gezek gowşurylan UEFA Super Kubogyny mundan öň 2002-nji, 2014-nji, 2016-njy, 2017-nji hem-de 2022-nji ýyllarda gazanypdy. “Real Madrid” topary Super Kubok duşuşygynda 1998-nji ýylda “Çelsiden”, 2000-nji ýylda “Galatasaraýdan” hem-de 2018-nji ýylda “Atletiko Madridden” asgyn gelipdi.

Toparyň tälimçisi Karlo Ançelotti 5-nji gezek UEFA Super Kubogyny gazanyp (2003-nji we 2007-nji ýyllarda “Milanda”, 2014-nji, 2022-nji, 2024-nji ýyllarda “Realda”), Çempionlar Ligasyndan soň bu kubogy hem 5-nji sapar eýelän ilkinji tälimçi boldy.

Fransiýaly Super ýyldyz Kilian Mbappe “Real Madriddäki” ilkinji resmi duşuşygynda gol geçirdi hem-de täze toparyndaky ilkinji kubogyny asmana galdyrdy.

Angliýaly Jud Bellingam duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy.

“Real Madriddäki” 27-nji kubogyny gazanan Luka Modriç toparyň iň köp kubok alan oýunçysy boldy.

Ispan klublary 17-nji gezek UEFA Super Kubogyny gazandy.

Luka Modriç bilen Dani Karwahal bu kubogy 5-nji gezek alan ilkinji futbolçylar hökmünde hasaba alyndy.

Şol sanda Çempionlar ligasynyň ýeňijileri 29-njy gezek bu kubogy eýelemegi başardy.

“REAL MADRID”: Kurtua – Karwahal (Waskes 88), Militao, Rüdiger, Mendi – Walwerde, Tçouameni – Rodrigo (Modriç 76), Bellingam (Sebalýos 88), Winisius Junior (Arda Güler 88) – Mbappe (Brahim Diaz 83); Karlo Ançelotti

“ATALANTA”: Musso – Džimsiti, Hien (Palestra 90), Kolaşinas (Bakker 70) – Zappakosta (Godfri 62), De Roon, Ederson, Ruggeri – Mario Paşaliç (Manzoni 90) – De Ketelare (Retegui 62), Lukman; Jan Piero Gasperini