Saglygyny berkitmek her ynsanyň öz elinde. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmazdan burun» diýip belleýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, onuň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlarymyzyň saglygyny goramak üçin ýurdumyzda köpçülikleýin wagyz-nesihat duşuşyklary, öňüni alyş çäreleri guralýar, azyk howpsuzlygyny ýola goýmak ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ata Watanymyzyň halkara guramalarynyň birnäçe güwänamalaryna mynasyp bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan BMG we onuň iri düzümleri bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we berkitmäge aýratyn ähmiýet bermek, lukmançylyk hem-de ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öňe sürmek bilen, özara işjeň, netijeli, maksatnamalaýyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Häzirki wagtda hem BMG, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralary we ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklarymyz has-da işjeňleşdirilýär. Telelukmançylyk we telemaslahatlar arkaly halkara derejesinde özara tejribe alyşmak, amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak ýaly işler üstünlikli amala aşyrylýar.
Eziz Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramaga, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasaty işjeň durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de raýatlaryň bu ulgamyň çygryndaky hukuklaryny kepillendirmek boýunça esasy döwlet resminamasy bolan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi esasynda ulgamyň mümkinçilikleri has-da artýar. Döwrebap özgertmeler, gazanylýan ösüşler oňyn netijelerini berýär. Täze lukmançylyk edaralary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredilýär. Alnyp barylýan işleriň hatarynda döwrebap hassahanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň, saglygy goraýyş edaralarynyň halka hyzmat etmegi babatdaky döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Döwrebap lukmançylyk enjamlary, barlaghanalar we beýleki zerur bolan tehnikalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralary keselleri wagtynda anyklamakda, bejeriş-öňüni alyş işlerini amala aşyrmakda, amaly, ylmy-barlag hem-de tejribe-önümçilik wezipelerini çözmekde öňdebaryjy usullary peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Paýtagtymyzda 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşyklary alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzda raýatlaryň saglygynyň goralmagyna berilýän ägirt uly ünsüň nobatdaky subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen gazna Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Gazna çagalaryň kanuny we durmuşy bähbitleriniň amal edilmegine gönükdirilen ýörelgeleriň netijeli dowam etdirilmegine mümkinçilik berýär. Haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara ýurdumyzyň paýtagtynyň hem-de welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, bejergi üçin çykdajylary, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep internatlarynda terbiýelenilýän we okaýan ýaş raýatlar üçin lukmançylyk maksatly enjamlary satyn almaga tölegleri geçirmek däbe öwrüldi.
Goý, ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn we bagtyýar ýaşamagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleri, saglygy goraýyş ulgamynda alyp barýan döwletli tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Akmaral ÝAGMUROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyby.