12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň gün tertibine hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ykdysady, durmuş, ekologik meseleleriň birnäçesiniň çözgüdini özünde jemleýän durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleleri girizildi.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ha­zar se­bi­tin­de söw­da-yk­dy­sa­dy we ulag-lo­gis­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­ny, se­na­ga­ty we ener­ge­ti­ka­ny ös­dür­mek, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, «ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýe­ti» ke­ma­la ge­tir­mek, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek, deň­ziň bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi­ni go­rap sak­la­mak, bu tä­sin suw aý­ty­my­nyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny re­je­li peý­da­lan­mak, gel­jek­ki ne­sil­le­re mi­ras gal­dyr­mak ba­ra­da giň ge­rim­li, ýurt hem-de se­bit äh­mi­ýet­li iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýurt­da dö­re­di­len eko­lo­gi­ki ka­nun­çy­lyk ul­ga­my döw­let te­bi­ga­ty go­ra­ýyş sy­ýa­sa­ty­ny ne­ti­je­li ama­la aşyr­ma­ga we te­bi­gy se­riş­de­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Esa­sy üns bol­sa Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gi­niň de­ňiz gur­şa­wy­ny go­ra­ma­ga be­ril­ýär.
1996-njy ýyl­da Türk­me­nis­tan­da Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da Kon­wen­si­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça baş­la­nan tas­la­ma­nyň ta­mam­lan­ma­gy hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ta­ry­hy wa­ka öw­rül­di. On­dan has ozal Ha­zar deň­zi­niň tä­ze hal­ka­ra-hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky gep­le­şik­ler 1992-nji ýy­lyň few­ral aýyn­da Täh­ran­da ge­çi­ri­len Ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň bi­rin­ji mas­la­ha­tyn­da baş­lan­dy.
2012-nji ýy­lyň 21-nji iýu­nyn­da Bra­zi­li­ýa­nyň Rio-de-Ža­neý­ro şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça «Rio+20» mas­la­ha­tyn­da Türk­me­nis­tan Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa­sy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri se­bi­tiň çä­gin­den çyk­ýan mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri hök­mün­de hä­si­ýet­len­dir­di hem-de bu ugur­da­ky iş­le­ri döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de gu­ra­mak ba­ra­da oňyn baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­di.
Ha­zar deň­zi bo­ýun­ça dür­li ugur­lar­da iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak­da we ös­dür­mek­de Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­ne uly orun de­giş­li­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­mak ge­rek. 2002-nji ýy­lyň 22-23-nji ap­re­lin­de paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň bi­rin­ji sam­mi­ti­niň uly ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti­niň bo­lan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Onuň esa­sy mak­sa­dy Ha­zar den­zi­niň hu­kuk ýag­da­ýy ha­kyn­da yla­la­şy­ga gel­mek bol­dy. Bu sam­mi­tiň do­wa­myn­da se­bit­de yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, te­bi­gy ga­zy iber­mek we onuň söw­da­sy, se­bi­tiň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy, Ha­zar se­bi­tin­de döw­le­ta­ra ulag hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek ba­ra­da öza­ra iş­jeň pi­kir alyş­ma­lar bo­lup geç­di. Şeý­le­lik­de, ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň şol ta­ry­hy du­şu­şy­gyn­dan bä­ri ge­çen döw­rüň do­wa­myn­da şu­nuň ýa­ly sam­mit­le­riň 6-sy bo­lup geç­di. Ýag­ny, 2007-nji ýy­lyň 16-njy okt­ýab­ryn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Täh­ran şä­he­rin­de ikin­ji, 2010-njy ýy­lyň 18-nji no­ýab­ryn­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Ba­ku şä­he­rin­de üçün­ji, 2014-nji ýy­lyň 29-njy sent­ýab­ryn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ast­ra­han şä­he­rin­de dör­dün­ji, 2018-nji ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ak­tau şä­he­rin­de bä­şin­ji, 2022-nji ýy­lyň 29-njy iýu­nyn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da al­tyn­jy sam­mit­le­ri geç­di.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, 2018-nji ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ak­tau şä­he­rin­de ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň bä­şin­ji sam­mi­tin­de ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan yk­dy­sa­dy ul­ga­myň Ha­zar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri­di­gi, bu ul­ga­myň ulag, lo­gis­ti­ka, kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar, ener­ge­ti­ka, önüm­çi­lik taý­dan ýa­kyn­laş­mak ýa­ly ul­gam­la­ry we beý­le­ki köp ugur­la­ry öz içi­ne al­ýan­dy­gy bel­le­ni­lip, bu ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly, tä­sin gör­nü­şi­ni – Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­ny dö­ret­mek ha­kyn­da­ky baş­lan­gy­jy öňe sü­rül­di. Şeý­le fo­rum il­kin­ji ge­zek 2019-njy ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ry­nyň mer­je­ni ha­sap­lan­ýan «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­di. Bu fo­rum­da 2018-nji ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ak­tau şä­he­rin­de ge­çi­ri­len bä­şin­ji Ha­zar sam­mi­ti­niň çäk­le­rin­de ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky gol çe­ki­len Kon­wen­si­ýa bo­ýun­ça ne­bit dö­kül­me­le­ri­ne gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça (Ak­tau tes­wir­na­ma­sy), Ýe­ras­ty çeş­me­ler­den gel­ýän ha­pa­lan­ma­lar­dan go­ra­mak bo­ýun­ça (Mosk­wa tes­wir­na­ma­sy), bio­lo­gi­ki köp­dür­lü­li­giň go­ra­lyp sak­lan­ma­gy bo­ýun­ça (Aş­ga­bat tes­wir­na­ma­sy) we trans­ser­het maz­mu­nyn­da daş­ky gur­şa­wa ýe­ti­ril­ýän tä­si­re ba­ha ber­mek ýa­ly dört sa­ny ka­bul edi­len Tes­wir­na­ma­la­ryň üs­tün­de dur­lup, ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu­lar­dan baş­ga-da, iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar, döw­let, işe­wür to­par­la­ryň we kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da «Ha­zar deň­zi: Hal­ka­ra yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň bäh­bit­le­ri» at­ly mas­la­hat hem-de oňa de­giş­li ugur­lar bo­ýun­ça mow­zuk­lar ge­çi­ril­di. Bu ge­çi­ri­len fo­rum ýur­du­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ab­raý-mer­te­be­si­ni ýe­ne bir ge­zek beý­gelt­di.

Aman­my­rat Ara­zow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Aspirantura bölüminiň baş hünärmeni, uniwersitetiň Alymlar geňeşiniň alym-kätibi.