Er­te­ki­ler­de «to­ka­ýyň şa­sy» hök­mün­de su­rat­lan­dy­ryl­ýan ýol­bars äpet we eý­menç­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, köp ki­şi­niň iň eý gör­ýän jan­dar­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýyl-ýyl­dan sa­ny azal­ýan bu ýyr­ty­jy­la­ryň sanynyň hä­zir­ki wagt­da 40 müň tö­we­re­gi­digi çak­la­nyl­ýar. Te­bi­ga­ty we te­bi­gy baý­lyk­la­ry go­ra­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi (IUCN) ta­ra­pyn­dan go­ral­ýan ýol­bars­la­ryň esa­sy bö­le­gi Af­ri­ka­dyr Azi­ýa­da ýa­şap, Ýew­ro­pa­nyň kä­bir se­bit­le­rin­de hem duş gel­ýär. Her ýy­lyň 10-njy aw­gus­tyn­da Bü­tin­dün­ýä ýol­bars gü­ni bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
Gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar:
«To­ka­ýyň şa­sy» di­ýil­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan ýol­bars­lar to­kaý­da däl-de, säh­ra­lar­da, sa­wan­na­lar­da we düz­lük­ler­de ýa­şa­ýar­lar.
Ýol­bars 11 metr aralyga bö­küp bil­ýär. Bu äpet ýyr­ty­jy sa­gat­da 80 ki­lo­metr tiz­lik­de yl­gap bil­ýär.
Af­ri­ka­ly ýol­bars­lar maş­ga­la to­pa­ry­ny berk sak­la­ýar­lar. Bu­la­ryň her to­pa­ryn­da maş­ga­la­ny do­lan­dy­ry­jy­dan baş­lap, aw edi­ji­ler we ça­ga ýol­bars­la­ra çen­li 15 tö­we­re­gi ag­zasy bar.
Ýol­bars­lar Te­bi­ga­ty we te­bi­gy baý­lyk­la­ry go­ra­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan ýi­tip git­mek how­py aban­ýan jan­dar­la­ryň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Hä­zir­ki wagt­da bu äpet ýyr­ty­jy­la­ryň ýa­şa­ýan ýe­ri azalyp, iý­mit tap­ma­gy bar­ha kyn­laş­ýar.
Azi­ýa­da we Ýew­ro­pa­nyň kä­bir se­bi­tin­de duş gel­ýän ýol­bars­la­ryň äh­li­si­niň as­ly af­ri­ka­ly bo­lup, Hin­dis­ta­nyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da­ky Sa­san-Gir mil­li se­ýil­gä­hin­de 400 tö­we­re­gi ýol­bars ýa­şa­ýar. Ýol­bars­la­ryň esa­sy bö­le­gi Af­ri­ka­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da, Sa­ha­ra­nyň gü­nor­ta­syn­da duş gel­ýär.
Ýol­bar­syň tü­ýü­niň reň­ki nä­çe ýa­şyn­da­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Ýol­bar­syň er­ke­gi gar­ra­dy­gy­ça, boý­nun­da­ky tü­ýi hem ga­ra­lyp ug­ra­ýar.


Adat­ça ýol­bars­la­ryň kö­pel­ýän jyn­sy aw aw­la­ýar, er­ke­gi bol­sa sü­ri­niň ýa­şa­ýan ýe­ri­ni go­ra­ýar. Şeý­le-de bol­sa, aw­la­nyp ge­ti­ri­len ol­ja­ny il­ki bi­len er­kek ýol­bars iý­ýär.
Ýol­bars­la­ryň 1 metr­lik guý­ru­gy­ny ha­sa­ba al­ma­saň, göw­re­si­niň uzyn­ly­gy 2 met­re çen­li ýet­ýär.
Ýol­bar­syň ar­la­ýan se­si­ni 8 ki­lo­metr uzak­lyk­dan eşi­dip bol­ýar.
Ag­ra­my 250 ki­log­ra­ma ýet­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ýol­bars­lar ýö­rän­de to­pu­gy ýe­re deg­me­ýär.
Er­kek ýol­bars­lar ýat­ma­gy go­wy gör­ýär­ler. Ýol­bars­lar her gün 20 sa­ga­da çen­li uk­lap bil­ýär­ler.