Jalimpa ady bilen çykyş edýän ýaponiýaly iki ýaşly Linn Takei aýdym-saz albomyny çykaran dünýäniň iň ýaş aýdymçysy boldy. Ol 2 ýyl 358 gün ýaşynda «Nonsense makes Sense» atly albomyny çykardy. Bu üstünlik hem oňa Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge mümkinçilik berdi.