Bilimler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni my­na­sy­bet­li Ak bug­daý et­ra­by­nyň Bo­kur­dak şä­her­çe­sin­de 1200 orun­lyk umu­my­bi­lim ber­ýän tä­ze, döw­re­bap mek­de­bi açyp ulan­ma­ga ber­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy «Baý­ly gur­lu­şyk» hu­su­sy kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan gur­lu­şy­gy ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýan bi­lim oja­gy­ny ýo­ka­ry de­re­je­de en­jam­laş­dyr­mak işi­ne aý­ra­tyn jo­gap­kär­çilikli çe­me­le­şil­ýär. Mekdebiň 120 orun­lyk umu­myýa­şa­ýyş ja­ýy­ hem bar.

Öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ra da­ýan­ýan bi­lim eda­ra­la­ry­nyň işini kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da edil­ýän ta­gal­la­la­ryň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan döw­re­bap mek­dep mugallymlara we okuw­çy­la­ra öz­bo­luş­ly toý sow­ga­dy bo­lar diýlip, habarda bellenilýär.