Türkmenistanda öndürilen önümler Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitinde 16-njy awgustdan 20-nji awgust aralygynda geçirilen «Kaşgar — Merkezi we Günorta Aziýa» Hytaý haryt ýarmarkasynda hödürlendi.
Ýarmarka Merkezi we Günorta Aziýanyň sebitleri üçin eksporta gönükdirilen ykdysady strategiki meýdança döretmegi maksat edinýär. Şeýle-de ykdysady, söwda gatnaşyklaryny yzygiderli giňeltmekden we çuňlaşdyrmakdan ybaratdyr.
«Kaşgar — Merkezi we Günorta Aziýa» ýarmarkasy oňa gatnaşyjylara hyzmatdaşlygyň möhüm netijelerini gazanmak üçin işewürlik gepleşiklerini, hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekmek, tehniki alyş-çalyş we ş.m. ýaly köp sanly hyzmatdaşlygy üpjün edýär.
HHM-niň berýän habaryna görä, şu ýyl Kaşgar ýarmarkasynda gol çekilen şertnamalaryň umumy mukdary iň ýokary derejä ýetdi.