Häzirki wagtda dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň köpüsinde ilat sanynyň azalýandygy bellenilýär. Şeýle-de bolsa, köp ýurtda ilatyň sanynyň köpelmegi dowam edýär. Maglumatlara görä, ilaty has köp artýan ýurtlaryň sanawynda Günorta Sudan birinji orny eýeleýär. Ýurtda ilatyň artyş tizligi ortaça 4,65 göterim. Ikinji orundaky Nigeriň ilaty bolsa, her ýylda ortaça 3,66 göterim köpelýär. Üçünji orundaky Angolanyň ilaty hem ýylda 3,33 göterim artypdyr. Bu görkeziji Beninde 3,29 göterim, Ekwator Gwineýasynda 3,23 göterim, Ugandada 3,18 göterim, Kongo Demokratik Respublikasynda 3,11 göterim, Çadda 3,01 göterim, Malide 2,9 göterim we Zambiýada 2,83 göterim bolupdyr.
Sanawdan görnüşi ýaly, ilkinji onluga diňe Afrika ýurtlary giripdir. Afrikanyň ilaty yzygiderli artyp, geçen asyryň başyndan bäri on esse köpelipdir.
Maglumatlara görä, dünýä ilatynyň 2080-nji ýylda iň ýokary derejä ýetmegine garaşylýar.