Uçar­dan ýa­ňy dü­şen bol­sa­ňyz, ho­wa men­zi­lin­den en­tek çyk­maň! «Je­wel Chan­gi» ho­wa men­zi­lin­dä­ki tä­sinlikle­riň şa­ýa­dy bo­luň! Bu aja­ýyp güm­mez­de 280-den gow­rak na­har­ha­na we söw­da mer­ke­zi bar. Bi­na­nyň mer­ke­zin­dä­ki 40 metr be­ýik­lik­dä­ki ýa­pyk şag­la­wuk daş-tö­we­re­gin­dä­ki to­kaý zo­la­gy­na gö­zel­lik ber­ýär. Bu ýer­de ça­ga­lar üçin oýun meý­dan­ça­la­ry hem gur­lup­dyr.
Sin­ga­pur­da ge­ze­lenç­le­ri amat­ly we aň­sat­lyk bi­len ama­la aşyr­mak üçin jem­gy­ýet­çi­lik ulag se­riş­de­le­ri he­re­ket ed­ýär. Şä­her­de ýo­ka­ry de­re­je­li söw­da mer­kez­le­ri­niň, ka­şaň myh­man­ha­na­la­ryň we döw­re­bap na­har­ha­na­la­ryň bir­nä­çe­si bo­lup, maş­ga­la üçin att­rak­si­on­lar, fu­tu­ris­tik şä­he­ri öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän ta­ry­hy mu­zeý­ler we et­ni­ki ýer­ler bar. Sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da ösen Sin­ga­pu­ryň aja­ýyp ýer­le­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.
Ma­ri­na aý­la­gy. «Ma­ri­na Bay Sands» şy­pa­ha­na top­lu­my ka­şaň myh­man­ha­na­ny, söw­da mer­ke­zi­ni, «ArtScience» mu­ze­ýi­ni we «Ma­ri­na Bay Sands Sky­park» gö­zeg­çi­lik mer­ke­zi­ni öz içi­ne al­ýar. Gö­zeg­çi­lik mer­ke­zin­de syn­la­ýyş ota­gy hem bar. Myh­man­ha­na­nyň ýo­kar­syn­da gä­mi­niň şe­ki­lin­dä­ki bi­na ýer­leş­di­ri­lip, bu ýer­de ho­wuz, ko­fe içil­ýän ýer we res­to­ran bar. Ma­ri­na aý­la­gyn­da­ky 101 gek­tar meý­da­ny eýe­le­ýän ke­nar­ýa­ka bag­la­ry sport bi­len meş­gul­lan­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ra ýo­ka­ry müm­kin­çi­li­gi dö­red­ýär.
Bo­ta­ni­ka bag­la­ry. Şä­he­riň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän bo­ta­ni­ka bag­la­ry ge­ze­lenç et­mek üçin dö­re­di­lip­dir. Bu ýer­de bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri ösüp otu­ran go­ja agaç­la­ry hem-de tä­sin­lik­le­ri eçil­ýän Mil­li Or­ki­de ba­gy­ny syn­lap bi­ler­si­ňiz. Mun­dan baş­ga-da, bu ýer­de eko­bag­la­ry, bon­saý ba­gy­ny, heý­kel­le­ri gör­mek bo­lar.
Haý­wa­nat ba­gy. Dün­ýä­de iň uly to­kaý haý­wa­nat ba­gy ha­sap­lan­ýan Sin­ga­pur haý­wa­nat ba­gy tä­sir­li baş­dan­ge­çir­me­le­re baý ýer­le­riň bi­ri­dir. Bu ýer özü­ne çe­ki­ji bo­lup, maý­myn­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi, zeb­ra­lar, ko­mo­da až­dar­ha­sy, mo­le ala­ka­la­ry, ak gap­laň, ken­gu­ru we baş­ga-da köp jan­dar sak­lan­ýar. Myh­man­lar bu ýerde kä­bir jan­ly-jan­da­ryň ýa­şa­ýyş öz­bo­luş­ly­ly­gy­na, iý­mit­le­niş ýag­da­ýy­na syn edip bi­ler­ler. Haý­wa­nat ba­gy­na aý­lan­mak üçin azyn­dan 3 sa­gat gerek. Mun­dan baş­ga-da, bu ýerde Gi­je­ki Sa­fa­ri, Sa­fa­ri der­ýa­sy, pan­da to­kaý­jy­gy we Ju­rong guş se­ýil­gä­hi ýa­ly bö­lüm­ler hem bar.
Sin­ga­pur çar­hy. Sin­ga­pur­da­ky dün­ýä­niň iň äpet çar­hy «Sin­ga­po­re Flyer»-e mü­nüp, daş-tö­we­rek­dä­ki gö­zel­li­gi syn­lap bol­ýar. 30 mi­nut do­wam ed­ýän «ar­zuw­lar sy­ýa­ha­ty» mul­ti­me­di­ýa ser­gi­le­ri­ni hem hö­dür­le­ýär.