Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýylyň 1–30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen biraýlyk çäreleri geçirilýär. Bu biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreleriň giň toplumy ýurt abadançylygyny saklamaga, ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramaga, ýol-ulag hadysalary sebäpli döreýän şikesleriň we maýyplygyň öňüni almaga gönükdirilendir.
Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, okuwçylardyr talyplaryň gatnawy artýar. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda geçirilýän biraýlygyň dowamynda çagalara geçelgäniň ýok ýerinden geçmegiň howpludygyny, ýolda düzgün-tertibe görä hereket etmelidigini öwretmek örän möhümdir.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli işleri durmuşa geçirmekde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we ýol hereketiniň kadalaryny kesgitleýän beýleki hukuk namalary möhüm kadalaşdyryjy binýat bolup hyzmat edýär. Bu Kanun döwletimiziň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esasyny kesgitleýär, ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirýär we raýatlaryň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak, ilkinji nobatda, herekete gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý edişlerine bagly. Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary sürmek, pyýadalar üçin göz öňünde tutulmadyk ýerlerden ýoly kesip geçmek ýol-ulag hadysalarynyň döremegine getirip bilýän ýaramaz ýagdaýlardyr. Ýol-ulag hadysasynyň we düzgün bozmalaryň öňüni almak maksady bilen, pyýadalaryň hem borçlary kesgitlenendir. Olara laýyklykda, pyýadalar mümkin boldugyça awtoulaglaryň gatnaw böleginden peýdalanmaly däl, eger peýdalanaýsalar hem örän seresaply bolmaly.
Edara-kärhanalarda, önümçilik pudaklarynda sürüjileriň arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirmek «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowamynda yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak üçin, sürüjileriň ýol hereketiniň kadalarynda görkezilen talaplar esasynda özleriniň üstüne ýüklenen borçlary hökmany ýagdaýda ýerine ýetirmelidikleri baradaky gürrüň şol çärelerdäki çykyşlaryň özenini düzýär. Sürüjilere ilatly ýerlerde sagatda 60 kilometr tizlikden ýokary bolmadyk tizlik bilen hereket etmäge rugsat berilýändigi, her bir sürüjiniň ýol hereketiniň kadalarynda görkezilen talaplary ýerine ýetirmegi esasynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda uly netijeleri gazanyp boljakdygy wagyz-nesihat çärelerinde öwran-öwran nygtalýar.
Raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini döwrüň ösen talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, ýurdumyzda ähli amatlyklary bolan awtomobil ýollary, estakadalar, köprüler yzygiderli gurulýar. Ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty, ýerüsti geçelgeleriň, hereketiň kadaly ýola goýulmagyna mümkinçilik berýän ýolyşyklaryň we beýleki degişli enjamlaryň bolmagy sürüjilere, pyýadalara hereket etmekde amatly şertleri döredýär.
Ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagyna getirýän hem-de köp duş gelýän düzgün bozmalaryň görnüşleri barada wagyz-ündew çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi olaryň öňüniň alynmagyna uly itergi berýär. Tehniki taýdan näsaz ulaglaryň sürülmegini, awtoulaglaryň ýokary tizliklerde dolandyrylmagyny, ýolyşygyň gadagan ediji yşygynda geçilmegini, çatryga gelnip durlanda, pyýada geçelgesiniň üstünde ulagyň saklanmagyny, pyýadalaryň köçeden geçenlerinde nädogry geçmeklerini hem-de beýlekileri ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagyna getirýän düzgün bozulmalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Şular ýaly düzgün bozulmalara her bir raýat jogapkärli garamalydyr, dogry netije çykaryp, ýol hereketiniň kadalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidir.
Ýolda ýöremegiň medeniýetiniň doly we dogry berjaý edilmezligi ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagynyň sebäbi bolýar. Şoňa görä-de, ýol hereketine gatnaşyjy islendik ýolagçynyň ünsi ýolda bolmalydyr we ol ýol hereketleriniň düzgünlerini berjaý etmäge borçludygyny unutmaly däldir.
Adam ömrüniň ähli zatdan gymmatlydygyny unutmaň! Çünki ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygydyr.
Ýalkap HUDAÝBERDIÝEW,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň Ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty.