Ýaponiýanyň sanlylaşdyrma ministri Taro Kono ýurduň dolandyryjy Liberal demokratik partiýasynyň (LDP) başlygy wezipesine öz dalaşgärligini yglan etdi, ýeňiji sentýabr aýynda geçiriljek partiýa saýlawlaryndan soň indiki Premýer-ministr bolar. Ol bu karary barada ýörite metbugat ýygnagynda mälim etdi.
Häzirki güne çenli öňde duran saýlawlara gatnaşmakçydyklaryny Ýaponiýanyň öňki ykdysady howpsuzlyk ministri Takaýuki Kobaýasi, öňki goranmak ministri Sigeru Isiba yglan etdiler. Mundan başga-da, LDP-niň başlygynyň saýlawlaryna gatnaşmagy meýilleşdirýän daşary işler ministri Ýoko Kamikawa dalaşgär hökmünde hödürlenmegi üçin zerur goldawy aldy. Jemi 11 syýasatçy Ýaponiýada partiýanyň lideri wezipesine esasy dalaşgärler hasaplanýar.
Ýurduň indiki Premýer-ministri boljak Ýaponiýanyň dolandyryjy LDP-niň täze başlygy üçin saýlawlar 27-nji sentýabrda geçiriler. Häzirki Premýer-ministr Fumio Kisida öňde boljak saýlawlarda dalaşgär bolup bilmejekdigini we hökümet Başlygy wezipesinden çekiljekdigini mälim etdi. Ozalky daşary işler ministri Fumio Kisida 2021-mko ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýanyň dolandyryjy Liberal-demokratik partiýasynyň (LDP) täze başlygy wezipesine saýlanypdy.