Islandiýada gaýtalanmajak tebigy hadysa ýüze çykdy. Mälim bolşy ýaly, bu adada köp sanly wulkan bolup, olary köplenç atylýar. Ýurtdaky wulkanlaryň biri geçen ýylyň ahyrynda bäri altynjy gezek atylyp, gyzgyn läbik pürküp başlady. Adanyň günorta-günbatarynda bu hadysa bolup geçýän mahaly asmanda demirgazyk ýurtlaryna mahsus bolan demirgazyk yşygy hem peýda boldy. Şeýlelikde iki tebigy hadysa birwagtda ýüze çykyp görenleri haýran galdyrdy. Mälim bolşy ýaly, demirgazyk yşygy Ýer şarynyň demirgazygynda ýylyň belli paslynda gijelerine peýda bolýar. Ýaşyl-gök öwüsýän bu ýagtylyk yzygiderli üýtgäp hiç biri beýlekisine meňzemeýär. Islandiýadaky wakada bolsa hamana wulkan şol ýagtylygy özüne çekýän ýaly bolup göründi.
Bilermenler wulkanyň yzly-yzyna emele gelen ýertitreme zerarly atylandygyny çaklaýarlar. Wulkanda täze jaýrygyň peýda bolandygy pikir edilýär.