6-njy sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişine guramaçylykly girişildi. Bu jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin degişli çäreler görülýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Ýeralmanyň, gök we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär. Şu günler welaýatlarda gowaça ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalar, harmanhanalar, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglar, beýleki oba hojalyk tehnikalary möwsüme taýýar edildi.
Pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, wise-premýer hormatly Prezidentimize ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň bugdaý hasylynyň ekiş möwsümini talabalaýyk geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, şunda ýokary hilli bugdaý tohumyndan peýdalanyp, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmagyň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, beýleki möwsümleýin oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek işlerini hem talabalaýyk alyp barmak tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň ýetip gelendigini aýtdy. Bu möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň edermen pagtaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.