3-5-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat geçirilýär.
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilen bu giň gerimli forum gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrýar hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri hödürleýär. Halkara sergä we maslahata 60-a golaý döwletden 800-den gowrak wekiliň gatnaşmagy durnukly ösýän ýurt hökmünde dünýäde giňden tanalýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmanyň uludygyny görkezýär.
Sergide gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň diwarlyklaryna möhüm orun berildi. Olarda ýurdumyzyň gurluşyk, elektroenergetika, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, himiýa senagatynda gazanylan sepgitler täsirli beýan edilýär.
Sergä Türkiýe, Fransiýa, Şweýsariýa, Russiýa, Hytaý, Eýran, Özbegistan ýaly döwletleriň köp sanly öňdebaryjy kompaniýalary işjeň gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bolan “Çalyk Enerji”, “Gap Inşaat”, “Rönesans”, “Bouygues” ýaly kompaniýalar bar. Olar ýurdumyzy, şol sanda paýtagtymyzy özgertmek boýunça birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar. “Interbudmontaž” kompaniýasynyň Aşgabat şäherinde “akylly” ýerasty ýol-ulag düzümini döretmek boýunça taslamasy hem aýratyn gyzyklanma döredýär.
Hususy gurluşyk kärhanalarynyň sergi diwarlyklarynda Aşgabatda amala aşyrylan taslamalar bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde gurlan we gurulýan desgalaryň şekilleriniň öz beýanyny tapmagy bu döwrebap şäheriň türkmen kärhanalarynyň ösmegi, tejribe toplamagy üçin uly mümkinçilikleri hödürleýän meýdança öwrülendigini görkezýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk “akylly” şäheriň ilkinji iri önümçilik toplumy bolan “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri hem sergä gelenlere hödürlenildi.

Awtomobil ýollarynyň gurluşygy, ýük daşamak, söwda, elektroenergetika ýaly beýleki möhüm ugurlarda telekeçiligiň paýy ýylsaýyn artýar. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde döredilen «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümleri ýurdumyzda giňden meşhurdyr. Bu hojalyk jemgyýeti öňdebaryjy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, elektron enjamlary öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy tejribesini özleşdirip, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň, şol sanda kompýuterleriň, monobloklaryň, smartfonlaryň, routerleriň, «akylly» telewizorlaryň, sowadyjylaryň we beýlekileriň önümçiligini ýola goýdy. Sergä önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň elektrik üpjünçiliginde, ýangyn howpsuzlygynda ulanylýan enjamlary öndürýän hususy telekeçiler hem işjeň gatnaşdylar.
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat ikitaraplaýyn duşuşyklara baý boldy. Iri halkara kompaniýalaryň we ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen gepleşikler geljekki ylalaşyklar üçin berk binýady döredýär.

Halkara forumyň çäklerinde ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň we daşary döwletleriň iri kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekildi. Halkara maslahatyň birinji gününde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahatyň “Innowasion ösüş we halkara hyzmatdaşlygy, Türkmenistanyň gurluşyk, senagat toplumynyň ösüşiniň geljegi” atly plenar mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada giňişleýin pikir alşyldy. Plenar mejlise ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, türkmen telekeçileri, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda täze ösüş meýilleri, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň geljegi plenar mejlisiň esasy mowzugy boldy.

Halkara maslahatyň ikinji gününde “Energetika we himiýa senagatynyň häzirki wagtda ýokary hilli önümleri hem-de halkara maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçilikleri” we “Ýol infrastrukturasyny ösdürmek, döwrebap tehnologiýalar, innowasion gurluşyk materiallary we geljege gönükdirilen binagärlik çözgütleri”, “Infrastruktura, senagat we ulag baglanyşygyny ösdürmekde maýa goýumlary we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy”, “Döwlet we hususy pudagyň ykdysady ösüş ugrunda hyzmatdaşlygy” atly mejlisleri geçirildi. Forumyň üçünji gününde sanly gurluşyk we “akylly” şäherleri ösdürmekde öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasion çözgütler we geljekki hünärmenleriň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça meseleler ýörite mejlisde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
PDF








