Döwlet derejesindäki çäreleriň tertibindäki üýtgeşmeler sebäpli «Türkmenistanyň maýa goýum forumy» (TIF — 2024) senesi 2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabryna süýşürildi.
Ozal Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň bilelikde guraýan bu forumyna 20 ýurtdan 100-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmak üçin hasaba alnandygy barada habar berlipdi.
Foruma halkara maliýe guramalarynyň (Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky) wekilleriniň, energiýa, infrastruktura we maliýe ulgamy boýunça hünärmenleriň, şeýle hem başga-da birnäçe abraýly halkara guramalaryň hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Forum bilen bagly täzelikleri tif-turkmenistan.com web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.