Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň we ugurdaş serginiň hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň we Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilýän foruma 35 döwletden 350-den gowrak wekil gatnaşýar.
Şeýle hem halkara foruma Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynyň başynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly çykyşy uly ruhybelentlik bilen diňlendi. Soňra çärelere gatnaşyjylar maýa goýum forumynyň sergisiniň ekspozisiýalary bilen tanyşdylar. Onda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda – senagat pudagy, oba hojalygy, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudagynda soňky ösüşleri öz beýanyny tapdy. Sergä gatnaşyjylar ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalary bilen, ösen tehnologiýalary we Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ulanylýan innowasion çözgütler bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistan maýa goýum forumy (TIF 2024) sekiz sessiýadan we dört ugurdaş «tegelek stol» maslahatyndan ybarat bolar. Olar aşakdaky giň göwrümli mowzuklary öz içine jemleýär:
Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum kuwwaty
Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk: ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmegiň netijeli guralydyr
Durnukly ösüşiň bähbidine netijeli sanly geçişi üpjün etmek
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýasy, ýurduň innowasion ösüş şertlerinde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak
«Ýaşyl» ykdysadyýetiň ösüşi: daşky gurşawy gowulandyrmagyň faktory
Ulag aragatnaşygy we durnuklylyk: ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky maýa goýum taslamalary
«Akylly» oba hojalygy we onuň gaýtadan işleýän pudaklaryny ösdürmek, suwuň netijeli peýdalanylmagyny gazanmak
Halkara energetiki geçişi üpjün etmekde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň orny: ileri tutulýan ugurlar we maýa goýum mümkinçilikleri, energetiki durnuklylyk
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň dünýä bazaryndaky orny, ileri tutulýan ugurlar we maýa goýum mümkinçilikleri
Energetikany we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, energetiki durnuklylyk.
TIF-2024 ýurduň we sebitiň ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşmak üçin meýdança öwrüler. Wekiller energetika, ulag, oba hojalygy we sanly ykdysadyýet ulgamlarynda Türkmenistanyň geljegi uly maýa goýum mümkinçilikleri barada giň maglumat alarlar.