Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo 10-njy sentýabrdan öz wezipe borçlaryny ýurduň täze paýtagty Nusantaradan alyp barar. Bu barada ýurduň metbugatynda habar berilýär.
Täze paýtagtda Prezident köşgi bolan “Garuda” köşgi taýýar edildi. Şonuň üçin Prezident Widodo bu ýerde iş alyp baryp, özüniň wezipe borçlaryny soňra ýurduň täze saýlanan Prezidentine tabşyrar.
Prezidentiň metbugat sekretary Hasan Nasbiniň bellemegine görä, täze paýtagt Prezidenti Joko Widodonyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan taslamadyr. Widodo paýtagty göçürmek teklibini 2019-njy ýylda öňe sürüpdi. Ilkibaşda, täze paýtagty Kalimantan adasynda döretmek göz öňünde tutulypdy. Ýöne pandemiýa sebäpli bu taslama ýatyrylypdy. Soňra Widodo 2022-nji ýylda Nusantarany täze paýtagt hökmünde yglan etdi.
Ýurtduň saýlanan Prezidenti Prabowo Subianto hem Nusantaranyň gurluşygyny tamamlap, bu şähere göçmäge taýýardygyny belledi.
Şu ýylyň 14-nji fewralynda ýurtda geçirilen saýlawda Prabowo Subianto 59 göterime golaý ses bilen Prezident wezipesine saýlanypdy. Saýlanan Prezident oktýabr aýynyň 20-sine kasam kabul edip wezipesine girişer.