9-njy sentýabrda “Apple” kompaniýasy “iPhone 16” seriýasyna degişli täze enjamlaryny “Ýagtylyk wagty” (It’s Glowtime) atly dabarada resmi ýagdaýda tanyşdyrdy. Tanyşdyrylyş dabarasynda “iPhone 16” telefonlary bilen bir hatarda “Apple Watch” sagatlary hem-de olaryň amaly ulgamlarynyň täze nusgalary barada maglumat berildi. Seriýada “iPhone 16”, “iPhone 16 Plus”, “iPhone 16 Pro” we “iPhone 16 Pro Max” smartfonlary bar. Täze telefonlarda emeli aň tehnologiýasynyň we ýokary durulykdaky kameranyň bardygy bellenildi. Şeýle hem täze telefonlaryň gapdalynda surata we wideo düşürmek aýratyn düwme bar.
Dabarada smartfonlardan başga-da “Apple Watch Series 10”, “Ultra 2” goşar sagatlary, “AirPods 4” we “AirPods Pro 2” enjamlary hem görkezildi.
Telefonlarda ornaşdyrylan emeli aň tehnologiýasy bolsa, “Apple Intelligence” ady bilen tanyşdyryldy.
Täze telefonlarda has döwrebap dizaýny görmek bolýar. “iPhone 16”-da 6,1 dýuýmlyk “Super Retina XDR” ekran, has doýgun reňki we ýagtylygy hödürleýär. Ekranyň ýüzi ozalkylarda 50 göterim güýçli keramika örtük bilen goralýar. Telefonyň gabarasynda bolsa awiasiýa senagatynda ulanylýan ýokary hilli alýuminden peýdalanylypdyr. “iPhone 16”-da 48 MP esasy kamera, 12 MP ultra giň kamera bar. “iPhone 16 Pro” we “Pro Max” modellerinde 5 gezek ýakynlaşdyryp bolýan 12 MP telefoto kamera bar. Bu kameralar pes ýagtylykda dury surata düşürmäge ýardam edýär. Şeýle hem “iPhone 16 Pro” we “Pro Max” modellerinde 120 fps-de 4K durulygynda wideo düşürip bolýar.

Täze smartfonlar “Apple”-iň iň soňky “A18 Bionic” çipi bilen enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýarymgeçiriji telefonyň işleýşini çaltlandyryp, energiýany has netijeli ulanmaga mümkinçilik berýär.
“iPhone 16”-nyň ýadynyň göwrümi babatda üç görnüşi bar: 128 GB, 256 GB we 512 GB. Bu smartfonyň bahalary “iPhone 16” 128 GB 799 dollar, “iPhone 16” 256 GB 899 dollar, “iPhone 16” 512 GB 1099 dollar.

“iPhone 16 Pro” we “Pro max”
Bu iki telefonda kompaniýanyň emeli aň tehnologiýasy bolan “Apple Intelligence” ulanylypdyr. “iPhone 16 Pro” täze dizaýny we has uly ekrany bilen tapawutlanýar. “Pro” modeliniň dört – gara, ak, tebigy we “çöl titany” reňkleri bar.
“Apple” “iPhone 16 Pro Max”-yň häzire çenli öndürileniň güýçli batareýaly telefonydygyny belledi.
“iPhone 16 Pro” 48MP ultra giň we ozalkylary ýaly 12MP 5x telefoto sensorlar bar. Şeýle hem bu telefonda 4K 120 FPS durulygynda wideo düşürip bolýar.
“iPhone 16 Plus” 899 dollardan, “iPhone 16 Pro” 999 dollardan, “iPhone 16 Pro Max” 1199 dollardan başlaýan bahadan satuwa çykarylar.

“Apple Watch” sagatlary
Dabarada “akylly” goşar sagatlarynyň hem nobatdaky tapgyry tanyşdyryldy. “Apple Watch Series 10”-a “Rose Gold” hem-de kümüşsöw alýumin reňkler goşulypdyr. Täze “Apple Watch” modelleri suwa garşy çydamly bolup, 20 metre çenli çuňlukdaky suw sportlaryny ýerine ýetirende dakynyp bolýar. Sagadyň bahasy 399 dollardan başlaýar.
“Apple Watch Ultra 2”
Bu sagadyň dizaýny üýtgedilmändir, diňe güýçlüräk çip oturdylypdyr we has ýagty ekran bilen üpjün edilipdir. Sagadyň ölçegi “Watch Series 10” bilen deň. Enjamyň gara titan reňklisi hem bar. “Ultra 2”-niň bahasy 799 dollar.

“AirPods 4” gulaklygy
Dabarada “AirPods 4” gulaklygy tanyşdyryldy. Enjamyň zarýady 30 sagada ýetýär. Enjama USB-C porty arkaly zarýad berilýär. Ses izolýasiýasy bolan modeller 179 dollardan, ses izolýasyz görnüşleri 129 dollardan satylar.
Has ýokary aýratynlygy bolan “AirPods Max” gulaklyklarynda bolsa täze reňkleri görmek bolýar. 549 dollardan satuwa çykaryljak telefonda USB-C zarýad beriş ulgamyndan başga üýtgeşik tapawut ýok.
“AirPods Pro 2” gulaklygynda bolsa sesiň öňüni alyjy aýratynlyk bar.
“Apple”-iň tanyşdyran ähli enjamlary 20-nji sentýabrda satuwa çykarylar.