Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Günorta Amerika zolagynda 8-nji duşuşyklar geçirildi. Edil 5-nji duşuşyklarda bolşy ýaly, Argentinanyň hem-de Braziliýanyň ýygyndylarynyň ikisi hem ýeňlişe sezewar boldy.

Argentinanyň ýygyndysy Messisiz geçiren duşuşygynda myhmançylykda Kolumbiýadan asgyn geldi. 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan Kolumbiýanyň gollaryny Moskera (25) bilen Hames Rodriges (60 p) geçirdi. Argentinadan Niko Gonzalesiň 48-nji minutdaky goly ýeňşe ýetmedi. Şunlukda, Argentinanyň ýygyndysy soňky 5 ýylda 3-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Tangoçylar 12 oýundan bäri ýeňiş gazanyp gelýärdi.

Braziliýanyň ýygyndysy bolsa myhmançylykda Paragwaýdan Diego Gomesiň 20-nji minutda geçiren goly esasynda 1-0 hasap bilen ýeňildi. Bu olaryň şu gezekki saýlama tapgyryndaky 4-nji ýeňlişidir. Ýagny sambaçylar 8 oýnuň deň ýarysynda ýeňlişe sezewar boldular. Urugwaýyň ýygyndysy Paragwaýdan soň myhmançylykda Wenesuela bilen hem golsuz deňme-deň oýnady. Bu gezekki oýunlaryň öňe çykan topary Boliwiýanyň ýygyndysy bolup, olar 2-nji duşuşygynda-da ýeňiş gazanmagy başardy. Öz meýdançasynda Wenesuelany 4-0 hasabynda ýeňen Boliwiýa myhmançylykda Çiliden hem 2-1 hasabynda üstün çykdy. Çiliniň derwezesinden ýeňiş gollaryny Algaranýas (13) bilen Terseros (45+1) geçirdi. Olar Wenesuelanyň derwezesinden hem gol girizipdiler.

Kolumbiýa – Argentina: 2-1, Çili – Boliwiýa: 1-2, Ekwador – Peru: 1-0, Wenesuela – Urugwaý: 0-0, Paragwaý – Braziliýa: 1-0