Diýarymyzyň tokaý-seýilgäh zolaklarynda ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň Lebap welaýat Çärjew etrap komitetiniň işgärleriniň, Lebap welaýat polisiýa bölüminiň ýangyn howpsuzlygynyň №521 bölüminiň şeýle-de Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň işgärlerinden düzülen tarapyndan gözegçilik işleri yzygiderli alnyp barylýar. Tomus paslynda daş töwerege görk berip duran tokaý zolaklaryny, hoşboý ysly tämiz gülleri, agaç nahallaryny ýangyndan goramakda sazlaşykly işler ýola goýuldy. Bu babatda mekdeplerde, çagalar baglarynda, edara-kärhanalarda, kärhanalarda şeýlede köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen wagyz nesihat işleri geçirilip, ildeşlerimize ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri düşündirilýär. Dynç alyş günleri we işden boş wagty watandaşlarymyzyň maşgala bolup tokaý-seýilgäh zolaklaryna gezelenje çykanlarynda ýangyn howpundan ägä
bolmaklary giňişleýin wagyz edilip gelinýär. Çünki, bir agaç güýje-gündiziň dowamynda ortaça 3 adamyň dem almagy üçin zerur bolan kislorody bölüp çykarýan bolsa, 1 ýylyň dowamynda tokaý seýilgäh-zolaklaryň her gektary 50-den 70 tonna çenli tozany özine siňdirip, ekologiýa taýdan arasa howany üpjün edýär. Tebigat biziň ählimiziň göz guwanjymyzdyr, ony gorap saklamak ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. Biz Eziz Diýarymyzyň gözel we baý tebigatynyň, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň aýawly saklanmagy üçin jogapkärlidiris.
Nasiba Durdybaýewa, Türkmenistanyň Lebap welaýat Çärjew etrap komitetiniň buhgalteri.