10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergi geçirildi. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem maslahata türkmen tarapyndan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz maýa goýum forumynda sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumy hem-de energetika pudagy döwrebap ösdürilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolan Günden we ýelden elektrik energiýasyny almagyň taslamalary durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ýokary tehnologiýalara esaslanýan, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirilen giň gerimli maýa goýum taslamalarymyz bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we foruma gatnaşyjy daşary ýurtly wekilleri Türkmenistanda nebitgaz, himiýa, energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk pudaklarynda durmuşa geçirilýän taslamalara gatnaşmaga çagyrdy.
Soňra maýa goýum forumyna gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli sergi bilen tanyşdylar. Sergide sanly ulgam arkaly beýan edilýän maglumatlar we önümleriň köpdürlüligi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň eksport mümkinçiliklerini, daşary ýurt maýadarlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli işjeňleşdirmek ugrunda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny giňden görkezýär.
TIF-2024 ýurduň we sebitiň ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşmak üçin giň meýdança öwrüldi. Wekiller energetika, ulag, oba hojalygy we sanly ykdysadyýet ulgamlarynda Türkmenistanyň geljegi uly maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat aldylar.
Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olaryň barşynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlar kesgitlenildi.
***
Şol günler Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň we ugurdaş sergileriň çäklerinde Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat hem-de sergi geçirildi. Iki günläp dowam eden wekilçilikli forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik, ykdysady ösüş, abadançylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň üstünliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir.
Foruma ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleri, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, hususan-da, ýokary tehnologik enjamlary öndürijiler, Koreýa Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Eýran Yslam Respublikasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Beýik Britaniýadan, Şwesiýadan we beýleki ýurtlardan ýokary tehnologiýalary, programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylar gatnaşdylar.