Fantastik eserleri bilen dünýä belli amerikaly ýazyjy Skott Westerfeldiň “Eýmenç adamlar” (Uglies) atly romany esasyndaky bu filme doly ady Ýosef MakGinti Nihola bolan Makji režissýorlyk edýär. Režissýor “Charlie’s Angels”, “Terminator Salvation”, “The Babysitter” ýaly filmler bilen meşhurlyga eýedir.

“Netflix”-iň önümi bolan filmde baş keşbi Joui King janlandyrýar. Ondan başga-da Keit Pawers, Çeýz Stouks, Briann Týu, Lawern Koks ýaly artistlerde dürli keşpleri ýerine ýetirýär. ABŞ-da surata düşürilen ylmy-fantastik görnüşdäki filmde Talli atly gyzyň apokalipsiýadan soňky başdan geçirenleri barada söhbet açylýar. Ol hemme zatda o diýen ajaýyplygyň zerur däldigini görkezjek bolýar. Film şu günden “Netflix”-iň kinotekçesinde orun alyp, görkezilip başlandy.

Ady: “Eýmenç adamlar” (Uglies)

Režissýory: Makji (McG)

Keşplerde: Joui King, Keit Pawers, Çeýz Stouks, Briann Týu, Lawern Koks

Ssenariçi: Jeýkob Forman, Wanessa Teýlor, Wit Anderson (Skott Westerfeldiň adybir eseri esasynda)

Prodýuseri: Jon Dewis, Jordan Dewis, Robin Meisinjer, Dan Spilo, Makji, Meri Wiola

Kompozitory: Edward Şirmur

Öndüriji: “Davis Entertainment”, “Anonymous Content”, “Industry Entertainment”, “Wonderland Sound and Vision”

Paýlaýjy: “Netflix”

Görnüşi: ylmy-fantastik, uruşly

Dowamlylygy: 100 minut

Ýurdy: ABŞ

Dili: iňlisçe