12-nji sentýabrda häzirki Premýer-ministr Fumio Kisidanyň ýerine Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň (LDP) täze başlygyny saýlamak boýunça kampaniýalar resmi taýdan başlandy. 1972-nji ýyldan bäri ilkinji gezek maslahat beriş ulgamy ornaşdyrylandan soň, 9 dalaşgär, şol sanda, iki zenan bu wezipä dalaş edýär. Dalaşgärleriň sanynyň köpelmegi partiýa fraksiýalarynyň ýatyrylmagy bilen baglanyşyklydyr.
Saýlawlardan öňki çekişmeleriň esasy mowzugy syýasy özgertmeler we partiýanyň täzelenmegi boldy. Täze dolandyryjy partiýanyň liderligine saýlawlar 27-nji sentýabrda geçiriler we ýeňijiniň Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri bolmagyna garaşylýar.
Saýlawlarda 734 ses – parlament agzalaryndan 367, partiýa agzalaryndan we olaryň tarapdarlaryndan 367 ses sanalar. Eger-de birinji tapgyrda hiç bir dalaşgär absolýut köplügi gazanyp bilmese, ilkinji iki lider ikinji tapgyra çykar, bu ýerde her sebitiň partiýasy öz agzalarynyň we tarapdarlarynyň adyndan bir ses alar.
Hökümet täze Premýer-ministri tassyklamak üçin 1-nji oktýabrda parlamentiň nobatdan daşary mejlisini geçirmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem, 27-nji oktýabrda parlamentiň aşaky palatasyna möhletinden öňki saýlawlary geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylýar.
Häzirki Premýer-ministr Fumio Kisida öňde boljak saýlawlarda dalaşgär bolup bilmejekdigini we hökümet Başlygy wezipesinden çekiljekdigini mälim etdi. Ozalky daşary işler ministri Fumio Kisida 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýanyň dolandyryjy Liberal-demokratik partiýasynyň (LDP) täze başlygy wezipesine saýlanypdy.