Şotland ýazyjysy Wolter Skott (1771-1832) taryhy roman žanrynyň düýbüni tutujy hökmünde giňden tanalýar. Ýakynda – 15-nji awgustda beýik ýazyjynyň doglan gününiň 255 ýyllygy bellenilip geçildi. Häzirki wagtda onuň dünýä edebiýatyna eden täsiri hem-de ýazyjynyň baý döredijilik mirasy giňden wagyz edilýär.

Meşhur şotland şahyry we prozaiki Wolter Skottyň doglan güni mynasybetli, dünýä jemgyýeti beýik ýazyjynyň edebiýat taryhynda eýeleýän ornuna ýene-de bir gezek sarpa goýýar. Onuň Edinburg şäherindäki ýadygärligi dünýäde ýazyjylara goýlan iň uly monumentleriň biri bolup durýar. Şotlandiýanyň esasy edebi ýyldyzlarynyň hataryna girýän Wolter Skott we Robert Berns ýurdy dünýä tanatmagy başardylar. Edebiýatçylar Bernsi şotland Puşkini, Skotty bolsa şotland Lew Tolstoýy we Dostoýewskisi diýip atlandyrýarlar. Skottuň eserleri, ilkinji nobatda, Angliýanyň taryhyna ýüzlenmegi bilen hakyky bütindünýä meşhurlygyna eýe boldy. 1819-njy ýylda neşir edilen “Aýwengo” romany ilkinji iki hepdäniň dowamynda 10 müň nusgada satylyp, şol döwür üçin fenomenal üstünlige öwrüldi.

Wolter Skottuň döredijilik ýoly rus edebiýatyna, şol sanda Zagoskina, Puşkine, Gogola we Tolstoýa hem güýçli täsir etdi. Onuň taryhy wakalary janly adamlaryň başdan geçirmeleri hökmünde ýönekeý we düşnükli beýan etmegi okyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Şeýle hem, ol häzirki zaman Orta asyr fantaziýa eserleriniň, şol sanda “Tagt oýunlary” ýaly meşhur kitaplaryň we kinofilmleriň ýüze çykmagyna itergi beren neogotika ugrunyň kemala gelmegine goşant goşdy. Ýazyjynyň döreden eserleri we Şotlandiýadaky meşhur öý-mülki häzirki wagtda hem adamzat mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup galýar.