Jinni Lu atly mops jynsyndan bolan kiçeňräk it dünýäde iň betgelşik köpek diýlip yglan edildi. Ol golaýda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatynda geçen iň betgelşik itleriň 50-nji gözden geçirilişinde ýeňiji boldy.
Jinni häzir alty ýaşynda bolup, hemişe dilini sallap gezýär. Onuň dilini keseki itleriň ýalagyna sokmak ýa-da oturgyja münüp, aýnadaky betgelşik keşbine üýrmek endigi bar.
Itiň hojaýyny bolan zenan bäsleşigiň baş baýragyny – bäş müň dollar möçberdäki pul sylagyny aldy.
PDF








