ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň ýaşaýjysy Robert Şepparda aradan çykan ene-atasynyň mundan 26 ýyl ozal – 2000-nji ýylyň iýul aýynda Kopengagenden (Daniýa) iberen haty gelip gowuşdy. «Abc7» teleýaýlymynda habar berlişine görä, amerikan poçta gullugynyň möhründe bu hatyň 2026-njy ýylyň awgust aýynda gowşurylandygy görkezilýär. Poçta işgärleriniň çaklamasyna görä, hatyň ençeme ýyllap gijikmegine onuň gulluk mebeliniň arka tarapyna düşmegi sebäp bolupdyr. Ejesi dört ýyl ozal, kakasy Jon bolsa alty ýyl ozal aradan çykan Robert Şeppard bu garaşylmadyk sowgadyň özüne «asmandan gelen hat» ýaly täsir edendigini we ony hakyky maşgala hazynasy hökmünde aýawly saklaýandygyny aýtdy.