Italiýanyň «Ferrari» kompaniýasynyň ilkinji elektrik ulagy ABŞ-da geçirilen haýyr-sahawat auksionynda 40 million dollara satylyp, täze awtoulaglaryň bahasy boýunça dünýä rekordyny goýdy. «RM Sotheby’s» tarapyndan guralan söwdada satuwdan gelen ähli serişde kompaniýanyň bilim başlangyçlaryny goldamak üçin ýörite gazna berler.

Maý aýynda ilkinji gezek köpçülige hödürlenen we dizaýny sebäpli käbir tankytlara duçar bolan bu «Ferrari Luce» elektrik ulagy 1050 at güýjüne eýe bolup, sagatda 100 km tizlige 2,5 sekuntda çykýar. Bu üstünlik kompaniýanyň öňki paýnamalaryndaky peselmeleriň öwezini dolmaga hem kömek etdi. Ýeri gelende bellesek, mundan ozalky iň gymmat täze awtoulag rekordy 2025-nji ýylda 26 million dollara satylan «Ferrari Daytona SP3» modeline degişlidi.