Angliýanyň “Çelsi” topary Koul Palmerden soň senegally hüjümçisi Nikolas Jeksonyň şertnamasynyň möhletini ýene-de 2 ýyl, ýagny 2033-nji ýyla çenli uzaltdy. Geçen ýylyň tomsunda “Çelsi” bilen 8 ýyllyk şertnama baglaşan 23 ýaşyndaky hüjümçiniň umumylykda şertnamasynyň möhleti 10 ýyl bolar. Jekson bu barada: “Şertnamamy uzaldyp, uzak ýyllaryň dowamynda bu klubda galýandygym üçin men örän şat” diýip, beýanat berdi.

“Wilýarrealdan” 32 million funt sterlinge transfer edilen Jekson şu wagta çenli 48 oýunda 19 gol geçirdi.