Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Täjigistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, awtobenzini, binýatlyk ýagy, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, Türkiýäniň, Pakistanyň, BAE-niň, Özbegistanyň, Owganystanyň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini, karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, BAE-niň, Gazagystanyň, Ukrainanyň telekeçilerine dokma senagaty önümleri, nah ýüplük, arassalanan nah ýüplügiň galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 76 million 375 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 9 million 68 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), tekiz boýalan, žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplügi, gury piläni satyn aldylar.