Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” “Barselona” 5-nji tapgyrda “Žirona” bilen myhmançylykda duşuşdy. “Barselonanyň” doly artykmaçlygynda geçen katalon derbisinde myhmanlar 4-1 hasabynda ýeňiş gazandy. “Barselona” ýeňiş getiren gollaryň 2-sini 7 minutda Lamin Ýamal, beýlekileri-de Dabi Olmo bilen Pedri geçirdi. Şunlukda, “Barselona” geçen möwsümde 2 ýerde-de 4-2 hasabynda utulan garşydaşyny bu gezek 4-1 hasabynda ýeňip, şol ýeňlişleriň aryny aldy. “Barselona” 2017-nji ýyldan soň ilkinji gezek möwsüme 5 ýeňiş bilen başlady. Hansi Flik klubuň taryhynda 5 ýeňiş bilen 6-njy tälimçi hökmünde hasaba alyndy (Terri Weneýbls, Lui Wan Gaal, Tita Willanowa, Herardo Martino, Erneste Walwerde).

Soňky çempion “Real Madrid” myhmançylykda “Real Sosiedady” ýyldyz oýunçylarynyň – Winisius Junior hem-de Kilian Mbappeniň penaltiden geçiren gollary esasynda 2-0 ýeňdi. Madridiň beýleki topary “Atletiko” öz meýdançasynda “Walensiýadan” 3-0 üstün çykyp, gollaryň 2-sini täze transferler Gallaher bilen Alwares (ikisi-de “Atletikodaky” ilkinji gollaryny geçirdi) hem-de toparyň ýyldyzy Grizmann derwezä girizdi.

Betis – Leganes: 2-0 (Ezzalzuli 74, Roke 86),

Malýorka – Wilýarreal: 1-2 (Albiol 57 ö.d. – Koşta 27, Aýos Peres 90+4),

Espanýol – Alawes: 3-2 (Puado 21, 56, 63 p – Koneçny 35, Tenalýa 68),

Sewilýa – Hetafe: 1-0 (Hesus Nawas 23),

R. Sosiedad – Real Madrid: 0-2 (Winisius 58 p, Mbappe 75 p),

Selta – Walýadolid: 3-1 (Alwares 22, Iglesias 35, Duwikas 90+1 – Moro 50),

Žirona – Barselona: 1-4 (Stuani 80 – Ýamal 30, 37, Dani Olmo 47, Pedri 64),

Las Palmas – Atletik: 2-3 (Ramires 58, Munýos 83 – Sanset 7, N. Williams 30, Parades 76),

Atletiko – Walensiýa: 3-0 (Gallaher 39, Grizmann 54, Alwares 90+4),

R. Wallekano – Osasuna