Italiýaly meşhur futbolçy Salwatore Skillaçi 59 ýaşynda aradan çykdy. 2 ýyl töweregi wagtdan bäri düwnük keselinden ejir çekip gelýän Skillaçi 1990-njy ýylda Italiýada geçirilen çempionatyň ýyldyzy bolupdy.

1964-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Palermo şäherinde dünýä inen Skillaçi 1982-nji ýylda “Messina” toparynda futbola başlap, ol bu ýerde 1989-njy ýyla çenli oýnaýar. Soňra 3 möwsüm “Ýuwentusda”, 2 möwsümem “Interde” futbol oýnap, 1994-nji ýylda Ýaponiýanyň “Jubilo Iwata” toparyna transfer bolýar. Ol bu klubda-da 4 möwsüm çykyş edýär.

1990-njy ýylda Italiýada geçirilen Dünýä Kubogynda ýygynda çagyrylan Skillaçi çempionata adyny altyn harplar bilen ýazdyrýar. Ol çempionatda 6 gol geçirip, ýaryşyň iň netijeli futbolçysy bolýar hem-de iň ökde oýunçysy saýlanýar. Şol çempionatda Italiýa 10 gol geçirýär we onuň 6-syny Skillaçi öz adyna ýazdyrýar. Italiýanyň ýygyndysy çempionaty bürünç medal bilen tamamlaýar. Skillaçi Italiýanyň çempionatda duşuşan 7 toparyň 6-synyň derwezesini sarsdyrýar. Skillaçi Italiýanyň ýygyndysynda jemi 16 gezek çykyş edip, şolarda 7 goly derwezä girizýär.

“Ýuwentus” bilenem, “Inter” bilenem UEFA Kubogyny gazanan Skillaçi 1997-nji ýylda “Jubilo Iwatanyň” düzüminde Ýaponiýanyň çempionlygyna mynasyp bolýar. Skillaçi klublarda 498 oýunda 181 gol geçirýär.