ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) we Türkmenistanyň Mejlisi, ýurdumyzda ýerli öz-özüňi dolandyryşy kämilleşdirmekde özgertmeleri geçirmek hem-de öňegidişlikleri gazanmak ugrunda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak maksady bilen Tegelek Stol duşuşygyny geçirdiler. Bu duşuşyk Türkmenistanda dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmeklige hem-de döwlet tarapyndan ilata berilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrylmagyna gönükdirilen dowam edip gelýän hyzmatdaşlygyň çäginde geçirildi.
USAID-iň Merkezi Aziýa sebiti boýunça direktorynyň orunbasary hanym Monik Mosolfyň hem-de Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu duşuşykda, ýerli ähmiýetli meseleleri çözmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmak maksady bilen USAID-iň bilermeni tarapyndan “Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna geçirilen seljerme esasynda taýýarlanan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu seljerme ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň häzirki ýagdaýyny we kämilleşdirmeklige degişli ugurlary öz içine alýar.
Duşuşygyň dowamynda kanunçylygy kämilleşdirmeklige gönükdirilen teklipler, zerur bolan özgertmeler we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryşy kämilleşdirmeklik we ilata üpjün edilýän hyzmatlary gowulandyrmaklygyň strategiýalary babatynda pikir alşyldy.
Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistany sosial-ykdysady taýdan ösdürmekligiň Milli Maksatnamasyna we USAID-iň demokratik institutlary berkitmek hem-de durnukly ösüş baradaky maksatnamasyna laýyk gelýär. USAID-iň “Türkmenistanda dolandyryş işleri” taslamasy (GAT) Türkmenistanyň Mejlis bilen bilelikde kanunçylygy kämilleşdirmek babatynda başlangyçlary durmuşa geçirmekde, şol sanda kanuna üýtgeşmeleriň girizilmegi, jemgyýetçilik maslahatlary we ýerli dolandyryş edaralary üçin okuw maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlygy dowam eder.

***

USAID-iň “Türkmenistanda dolandyryş işleri” taslamasy (GAT) Türkmenistanyň hökümeti bilen ýurduň dolandyryş ulgamyny we kanunçylygyny kämilleşdirmekde hem-de sosial-ykdysady ösüşini gazanmakda hyzmatdaşlyk edýär.

GAT ählumumy dolandyryşy öňe sürüp, tejribelere esaslanýan kanun çykaryjylygy kämilleşdirmek arkaly durnukly ykdysady we sosial ösüşi gazanmakda ýardam berýär.