AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynda çykyş edýän ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” topary “B” toparçadaky nobatdaky ýeňşini gazandy. Ýurdumyzda Eýranyň “Gol Gohar” topary bilen duşuşan “Arkadag” topary 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Malaýziýaly Razlan Joffri Aliniň eminlik eden oýnunda 1-nji ýarymda hasap açylmady. 2-nji ýarymda ýurdumyzyň çempionyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 77-nji minutda Ahmet Ataýew öz adyna ýazdyrdy.

Toparçadaky beýleki oýunda BAE-niň “Al-Jazira” topary myhmançylykda Bahreýniň “Al-Muharrak” toparyndan 3-0 hasabynda üstün çykdy. BAE-lilere ýeňiş getiren gollary Mello, Bruno hem-de Serrote geçirdi.

Şeýlelikde, 4-nji duşuşyklardan soň Al-Jazira 10 utuk bilen “B” toparçada 1-nji orny eýeleýär. “Arkadag” topary 7 utuk bilen 2-nji ýerde barýar.

Toparçadaky 5-nji duşuşyklar 25-nji noýabrda geçiriler. Şonda “Arkadag” topary myhmançylykda Bahreýnde “Al-Muharrak” bilen duşuşar. Ildeşlerimiz bu oýunda ýeňiş gazansa, 1/8 finala çykmaga hukuk gazanar. Hatda “Al-Jazira” öz meýdançasynda “Gol Gohary” ýeňse, türkmen futbolçylaryna ýaryşy dowam etdirmek üçin Bahreýndäki oýunda deňme-deňlik hem ýeterlik bolar.

Ýaryşda 4-nji oýunlardan soň 2 kluba 1/8 finala çykmak başartdy. Günbatar zolagy boýunça “D” toparçada çykyş edýän Yragyň “Al-Şorta” topary utugyny 10-a ýetirip, 1/8 finalda oýnamaga hukuk gazandy. Şeýle-de, Gündogar zolagy boýunça “E” toparçada Indoneziýanyň “Persib” topary ähli duşuşygynda-da garşydaşlaryndan üstün çykyp, 12 utuk toplady we ýaryşy dowam etdirjek toparlaryň hataryna adyny ilkinjileriň biri bolup ýazdyrmagy başardy.