17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Astanada geçirilen ikinji duşuşygyna gatnaşdy.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammitiň işine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, sebit kooperasiýasyna gatnaşýandygy we goldawy üçin hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki dialogyň yzygiderli, ynanyşmak häsiýetine Merkezi Aziýa döwletleriniň we Germaniýanyň sebitleýin strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanma bildirýändikleri hem-de ymtylýandyklary hökmünde baha berilýär. Bu duşuşygymyz bilelikdäki işimiziň jemlerini jemlemek bilen çäklenmän, eýsem, kooperasiýany mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň täze ýollaryny kesgitlemäge hem gönükdirilendir. Biziň netijeli pikir alyşmalarymyzyň anyk çözgütlere getirjekdigine ynanýaryn. Şol çözgütler bolsa ýurtlarymyzyň ählisine peýda getirer diýip, Gazagystanyň Lideri aýtdy we GFR-niň Federal Kansleri Olaf Şolsa, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna söz berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, ilki bilen, Gazagystanyň Prezidentine myhmansöýerlik we işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisiniň gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyna düşünýändigine, oňa hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny bermäge taýýardygyna, hyzmatdaşlygyň berk gurallarynyň ýakynlaşdyrylmagyna çalyşýandygyna şaýatlyk edýän wajyp ähmiýetli waka bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we sammitiň netijeleriniň biziň gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi gazanmakda, anyk ylalaşyklara çykmakda täze, möhüm tapgyry alamatlandyrjakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleri bilen Germaniýanyň gatnaşyklarynyň barşyny we many-mazmunyny häsiýetlendirip, olaryň, aýratyn-da, soňky ýyllarda yzygiderli, netijeli häsiýete eýedigini belläp, hyzmatdaşlygyň tejribesiniň we däpleriniň toplanandygyny, esasan-da, işewürlik ugry boýunça özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny, birnäçe ugurlar boýunça hökümetara gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň gazanylmagyny we üpjün edilmegini bilelikdäki işimiziň möhüm wezipeleri hasaplaýar.
Biz häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň arasyndaky has ýakyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar sebitdäki we oňa goňşy zolaklardaky umumy ýagdaýa oňyn täsir edip biler diýip hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň Merkezi Aziýany parahat, asuda, ykdysady taýdan özüne çekiji sebit, durnuklylygyň we açyklygyň giňişligi hökmünde görmek baradaky meýilleriniň umumylygyndan ugur alyp, tagallalary dünýä bileleşigi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy arkaly birleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Bitarap, parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistan üçin şeýle çemeleşme möhüm ähmiýete eýedir. Biz şu maksatlara ýetmäge, şol sanda häzirki formatda oňa hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunda halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetýaka jenaýatçylyga garşy göreşmek ýaly meselelere aýratyn ünsi çekmek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Germaniýanyň diplomatik gatnaşyklarynyň güýçlendirilmeginiň maksadalaýyk hasaplanýandygyny belledi.
Halkara derejede, ilkinji nobatda, BMG-niň we onuň degişli edaralarynyň çäklerinde bu ugurlar boýunça işiň anyk ýollarynyň bilelikde kesgitlenilmegi oýlanyşykly hem peýdaly bolar.
Hormatly Prezidentimiz sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň möhüm meseleleriniň biri bolan Owganystandaky ýagdaýa degip geçmek bilen, Türkmenistanyň bu ýurtdaky ýagdaýa berýän bahasynyň häzirki wagtda owgan halkynyň agyr we köpýyllyk döwri ýeňip geçmek hem-de ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň döwlet institutlaryny dikeltmek, sebitde parahatçylygy, ylalaşyklylygy, bitewüligi gazanmak we berkarar etmek boýunça umumymilli işe geçmek üçin anyk mümkinçiliginiň peýda bolandygyna esaslanýandygyny aýtdy.
Ykdysadyýet Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu ulgam, bir tarapdan, sebitiň ýurtlarynda german işewürliginiň berk we durnukly ornuny, beýleki bir tarapdan bolsa, Merkezi Aziýanyň dünýä ykdysadyýetine, maýa goýum işlerine, şol sanda german kompaniýalary bilen gatnaşyklar arkaly oňa çalt we netijeli goşulyşmagyny üpjün etmek arkaly biziň gatnaşyklarymyzyň esasy ugry bolmaga ukyplydyr. Biziň formatymyzdaky ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygy oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýär hem-de ony ösdürmek we giňeltmek üçin oňat mümkinçilikler bar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de ulag-logistikany, kommunikasiýany, energetikany, senagat önümçiligini, himiýa senagatyny, maşyngurluşygy, saglygy goraýşy we derman senagatyny, obasenagat toplumyny, innowasion tehnologiýalar ulgamyndaky işläp taýýarlamalary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň uly geljegi bar. Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, onuň giň hem-de köpdürli tebigy serişdeleri, demografik mümkinçilikleri Germaniýanyň senagat we tehnologik derejesi, tejribesi, halkara işewürlik ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen birlikde, biziň ýurtlarymyz üçin bilelikde işlemek babatda uly mümkinçilikleri açýar.
Bellenilişi ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen gatnaşyklarda ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler aýratyn orun eýeleýär. Bu babatda Türkmenistan Germaniýanyň eýeleýän ornuna, onuň sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna, degişli taslamalarydyr maksatnamalary ilerletmekde işjeň orny eýeleýändigine ýokary baha berýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylda Berlinde ýokary derejede geçirilen «Ýaşyl» Merkezi Aziýa» atly maslahatyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol maslahatda möhüm meselelere gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy we bilelikdäki wezipeler kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz «ýaşyl» mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi, ony biziň formatymyzyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemegi hem-de eýýäm ýakyn geljek üçin gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar hemişe döwletara hyzmatdaşlyga oňyn täsir edipdir. Hormatly Prezidentimiziň pikirine görä, häzirki wagtda olar aýratyn zerur bolup durýar we biziň ýurtlarymyzyň raýatlarynyň isleglerine, bähbitlerine laýyk gelmek bilen, halklarymyzyň ýakynlaşmagyna we özara hormat goýmagyna ýardam edýär. Şoňa görä-de, bu ulgam hem zerur bolan döwlet goldawyny almalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de höweslendirmegiň, giň ugurlar boýunça bilelikdäki çäreleriň meýilnamalarynydyr maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigi bellenildi.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gazagystanyň Prezidentine şu duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň bu formatyň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýetilen derejesine ýokary baha berip, umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn formatynyň örän zerurdygyny aýratyn nygtadylar. Taraplar köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak üçin bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň wajypdygyny belläp, gazanylan ylalaşyklaryň Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýadyny has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary we GFR-niň Federal Kansleri Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen iş duşuşygyny geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar «ýaşyl» energetika, gaýtadan işleýän we himiýa senagaty, ulag-logistika, saglygy goraýyş, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly geljegi uly ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň çäklerinde Germaniýanyň Hökümetiniň Baştutany we meşhur nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.