18-nji sentýabrda Sofia şäherindäki Prezident köşgünde Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýewiň (oturýan ýeri Moskwa şäheri) bu ýurduň Prezidenti Rumen Georgiýew Radewe ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Şeýle hem türkmen tarapynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Bolgariýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.
Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Georgiýew Radew Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan aýdylan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirmek bilen, öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine dostlukly salamlaryny ýetirmegi haýyş etdi.