Sanlyja günlerden ýurdumyzyň ähli künjeginde uly ruhubelentlik bilen toýlanyljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna merjen şäherimiz Aşgabatda hem uludan taýýarlyk görülýär. Paýtagtymyzyň ajaýyp keşbinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza peşgeş beren bagtyýarlygy aýdyň şöhlelenýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen rowaçlanýan ak mermerli paýtagtymyz döwrüň kämil binagärlik sungatyna öwrüldi.
Üstünliklere we rowaçlyklara beslenip dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni şanly senelere, toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy wakalara ulaşýar. Bilşimiz ýaly, şu günler agzybir hem-de zähmetsöýer halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýar. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwynyň hasyl bolup, milli senenamamyzda müdimilik orun alan Garaşsyzlyk baýramy ähli raýatlarymyzyň kalplaryna egsilmez buýsanç, gözlerine çäksiz guwanç duýgularyny çaýýar.
Şöhratly taryhyň gatlaryna nazar aýlasak, agzybirlik we jebislik, berkararlyk we döwletlilik pähimdar pederlerimiziň arzuwy bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz döwletlilik ýörelgesini berkarar etdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan işler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün edýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär. Halkymyzyň bu senä aýratyn ähmiýet bermegi we dabaraly bellemegi hem ýönelige däldir. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr. Şoňa görä-de, biziň mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan hormatymyz, söýgimiz, wepalylygymyz ebedidir we egsilmezdir.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde durmuşyň ähli ugurlarynda amala aşyrylan beýik işler halkymyzy örän buýsandyrýar. Geçen gysga taryhy döwürde raýatlaryň durmuş-ýaşaýyş derejesi düýpgöter ýokarlandy, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwaty artdy, Aşgabat şäheri ak mermerli şäher hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy, Köpetdagyň taryhy künjeginde Arkadag şäheri bina edildi, obalarymyz, şäherçedir şäherlerimiz döwrebap keşbe girdi. Bu zatlar Garaşsyzlygyň beren miwesidir. Muňa her birimiz buýsanmaga, guwanmaga haklydyrys.
Mundan 33 ýyla golaý wagt ozal dünýä kartasynda peýda bolan Türkmenistan döwletimizi bu gün dünýä tanaýar. Garaşsyzlygyň, özbaşdaklygyň aýdyň ýoluna düşen Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde ösdi we özgerdi. Onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda aýgytly ädimler ädildi. Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň agzasy bolmak bilen, ýurdumyzyň halkara abraýy ýokarlandy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan durnukly we sazlaşykly ösüşiň ak ýoluna öňe barýar. Ösen tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, önümçilige täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, sanly ykdysadyýetiň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady-durmuş taýdan çalt depginlerde ösdürilmegine itergi berdi.
Eziz Diýarymyzda halk bilen döwletiň jebisligi ähli ösüşleriň, öňegidişlikleriň kepili bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýar. Bu günki gün ýurdumyz parahatçylygyň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlyk barha berkeýär. Dünýäniň ösen döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, Watanymyzyň kuwwatynyň halkara derejede pugtalandyrylmagy, ýurtda we dünýäde parahatçylygy, asudalygy, abadançylygy berkitmekde durmuşa geçirilýän işler munuň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyz döwletimiziň döreden eşretlerinden peýdalanyp, agzybirlikli zähmet çekmek we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşynda mäkäm jebisleşmek bilen, röwşen geljegine ynamly barýar. Ajaýyp döwürde gazanylýan üstünlikleriň, badalga berilýän tutumlaryň netijesinde Garaşsyz Watanymyzyň abraý-mertebesi has-da artýar.
Ogulsadap DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.