Ýol hereketiniň kadalary dünýäniň köp ýerinde meňzeş bolsa-da, käbir ýurtda ýol hereketiniň täsin düzgünlerine gabat gelmek bolýar. Bu ýurtlarda köpçüligi geň galdyrýan täsin düzgünleri bilmezden awtoulag sürüp bolmaýar. Geliň, ýol hereketiniň täsin düzgünleriniň käbiri bilen tanyş bolalyň!
Ýaponiýada hoşamaýlygyň alamaty hökmünde awtoulag sürüjilerine suw syçratmak gadagan edilýär. Bu ýurtda sürüjiler ygally günlerde pyýadalara palçyk ýa-da suw syçradyp geçip gitse, düzgüni bozandygy üçin kanuny ýagdaýda jerime salynýar.
Tailandda ýol hereketiniň kadalaryna görä, sürüjiler üstüni doly örtýän eşik geýmezden, awtoulag, welosiped we ş.m. sürüp bilmeýärler.
Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde awtoulag belgisiniň soňy 1-lik ýa-da 2-lik bilen gutarýan bolsa, duşenbe güni şol ulagy sürüp bolmaýar.
ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Mariette şäherinde gidip barýan awtoulagyň aýnasyndan tüýkürmek ýa-da bir zat oklamak gadagan edilýär.
Alýaskada awtoulagyň nowasyna it daňmak gadagan edilýär.
Oklahoma ştatynda awtoulag sürüjilerine gülküli hekaýalary okamak ýa-da komediýa görmek gadagan edilýär.
Kolorado ştatynyň Denwer şäherinde ýekşenbe güni gara awtoulag sürmäge kanuny taýdan rugsat berilmeýär.
Daniýada kanunda bellenmegine görä, ýola çykmazdan ozal awtoulagyň arkasyna ýa-da aşagyna gizlenen çaganyň ýokdugyna doly göz ýetirmeli.
Kiprde awtoulag sürlende iýmek ýa-da içmek gadagan edilýär.
Şweýsariýada ýekşenbe güni awtoulag ýuwup bolmaýar.
Skandinaw ýurtlarynda kanuna görä, gyş paslynda sürüjilere awtoulagyň yşygyny öçürmek gadagan edilýär. Şol sebäpli «Volvo» awtoulaglarynyň köpüsiniň çyrasy hereketlendiriji öçenden soň hem ýanyp durýar.