Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek we mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­mek, dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän öň­de­ba­ry­jy en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len döw­re­bap bi­lim eda­ra­la­ry­nyň bi­na­la­ry­ny gur­ma­gy do­wam et­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi­ne Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Çär­jew et­ra­by­nyň Ho­jai­li ge­ňeş­li­gi­niň Be­ka­ryk oba­syn­da 400 orun­lyk döw­re­bap umu­my­bi­lim ber­ýän mek­de­biň tas­la­ma­sy­ny düz­mek hem-de ony ýa­na­şyk ýer­le­ri­ni aba­dan­laş­dy­ryp gur­mak ba­ra­da “Us­sa Tir­keş” hu­su­sy kär­ha­na­sy bi­len umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep üçin ara­gat­na­şyk, elekt­rik, gaz, suw üp­jün­çi­li­gi­niň we la­gy­myň meý­dan­ça­dan da­şar­ky el­ti­ji in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň hem-de des­ga­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­ny düz­mek, ola­ryň dur­ku­ny tä­ze­le­mek we tä­ze­le­ri­ni gur­mak iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek şer­tin­de şert­na­ma­ny bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di.
Gur­lu­şyk iş­le­ri­ne 2024-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da baş­la­mak we umu­my­bi­lim ber­ýän mek­de­bi 2025-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ulan­ma­ga do­ly taý­ýar edip tab­şyr­mak bel­le­nil­di.